Reňkler we olaryň ruhy dünýämize, duýgularymyza, durmuşymyza täsiri gadymy döwürlerden bäri ynsanlary gyzyklandyryp gelen ugurlaryň biri bolup durýar.
Biz haýsy reňki halaýan bolsak, şol reňkdäki lybaslary geýýäris. Otaglary şol reňke boýasymyz gelýär. Reňkler täsin bir dünýä. Käbir reňkleriň işdäňi açýandygy, käbir reňkleriň ylham berýändigi, käbirleriniň oýlandyrýandygy ýa-da dynç berýändigi hem aýdylýar.
Haýsy reňkleriň göwnüňi göterjekdigi, şatlandyrjakdygy, ylham-joşgun ýa-da rahatlyk berjekdigi hakdaky çaklamalary öňe sürýärler. Egin-eşiklerde, ýantorbalarda, sport aýakgaplarynda bu reňkler mese-mälim göze ilýär. Şeýdibem, adamlaryň aňynda reňkleriň jadyly täsiri hakdaky düşünjeler orun alýar. Düşünje bolsa tutuş durmuşymyza täsirini ýetirip bilýär. Reňkleriň ähli ugurlarda hem ähmiýetlidigini, üns berilmeli zatdygyny, onuň ynsan ruhuna mese-mälim täsir edýändigini öňe sürýär.
Leýla DAGDYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agroekologiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.