Siziň üçin...Slider

Suwsuzlyga çydamly ösümlikler

23-03-2024 / 9

Suwsuzlyga çydamly agaçlaryň, gyrymsy agaçlaryň, ýabany otlaryň, birýyllyk we köpýyllyk ösümlikleriň ýüzlerçe görnüşi bar

Kaliforniýa gülälegi – ýabany çöl gülleriniň biri hasaplanýan bu ösümlik açyk narynç reňki bilen adaty gyzyl gülälekden tapawutlanýar. Gülälegiň bu görnüşi ABŞ-nyň Oregon ştatynyň kenarýakalaryndan Meksikanyň Aşaky Kaliforniýa ştatyna çenli aralykda ösýär. Medeni usulda hem ösdürilip ýetişdirilmegi aňsat bolansoň, täsin gül köp ýerde seýilgähleri, howlulary hem bezeýär. Bu ösümligiň gülleri gündizine açylyp, gijesine ýapylýar. Bu gülälekler kenarýakalarda tutuş tomus paslynyň dowamynda gül açýan bolsa, has yssy ýerlerde ýaz paslynda bir gezek gülländen soňra guraýar.

Opunsiýa – kaktusyň bir görnüşi bolan bu ösümligiň 300 töweregi görnüşi bar. Meksikanyň döwlet gerbinde bu ösümligiň suraty şekillendirilipdir. Ata watany Amerika hasaplanýan hem bolsa opunsiýalar Ýewropada, Awstraliýada we beýleki ýerlerde senagat maksady bilen ösdürilip ýetişdirilýär. Gyzyl gülleri bolan bu ösümlik azyk senagatynda ulanylýar.

Gysga ýaprakly ýukka – hemişe gök öwsüp oturýan pürli agaç bolan ýukkalaryň birnäçe görnüşi bolýar. Emma bu görnüşi endemik bolup, ABŞ-nyň Mohawe çölünde bitýär. 150 ýyla çenli ýaşaýan bu agaçlar ýylyň dowamynda bary-ýogy 5-7 santimetr ösýär. Bu ösümlik kebelegiň bir görnüşi bilen täsin «aragatnaşygy» saklaýar. Kebelek ýukkanyň gülleriniň polenleri bilen iýmitlenýär. Şeýle hem kebelek öz liçinkasyny ýukkanyň gülüniň içine taşlaýar. Liçinkadan çykan kebelejik bolsa ösümligiň tohumlary bilen iýmitlenýär. Bu kebelek diňe şol ösümligiň üstünde ýaşaýar.

Adansoniýa – Afrikada we Awstraliýada ösýän bu ösümligiň sekiz görnüşi bar. Oňa baobab hem diýilýär. Mundan başga-da, «maýmynyň çöregi», «çüýşe agajy» ýaly atlary hem bar. Çüýşe diýilmeginiň sebäbi aşa gurak tebigatda ösýändigine garamazdan, onuň düzüminde köp mukdarda suw saklanýar. Şol sebäpli olar aňsat ýanmaýar. Agajyň boýy 40 metre çenli ýetýär. Onuň ýapraklaryndan, miwesinden, kölegesinden peýdalanýan onlarça jandar bolup, kiçiräk ekoulgamy döredýär. Baobabyň gabygynyň astyndan alynýan süýümden ýüp, sebet, egin-eşik ýaly zatlar taýýarlanýar.

Ýakup ERLENOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu