Habarlar

Tbiliside Nowruz baýramy bellenildi

23-03-2024 / 2

2024-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Tbiliside Bahar baýramy bolan Nowruzyň bellenilmegi mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäresine gatnaşdy. Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň hem-de Türkiýäniň ilçihanalary milli tagamlary, halk senetçilik önümlerini hödürlediler. Türkmen pawilionynda nepis elde dokalan halylarymyz, milli egin-eşiklerimizdir şaý-seplerimiz sowgatlyklar bilen bezeldi. Baýramçylyk çäresine gatnaşyjylary Tbilisi şäher häkiminiň orunbasary K.Guledani, Tbilisi şäher geňeşiniň başlygy G.Tkemaladze, şeýle-de ilçiler gutladylar.

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow öz çykyşynda Nowruz galkynyşyň, gülläp ösmegiň we täzelenşiň nyşany bolmak bilen halklary birleşdirýändigini hem-de hoşniýetli gatnaşyklaryň ösmegine binýadygyny nygtady. Ol şu günki dabaranyň halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklarynda dostluk we özara düşünişmek ugrunda alnyp barylýan işleri berkitmek üçin ýene bir ädim boljakdygyny nygtady.

Kemal WELMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu