Siziň üçin...Slider

Nowruz yrymlaryny bilýäňizmi?!

22-03-2024 / 4

Milli baýram hökmünde uludan bellenilýän Nowruzda milli tagamlaryň biri bolan semeni taýýarlanylýar. Ol rysgal-döwletliligiň, bolelinligiň nyşany hasaplanylýar. Musulman halklarynyň köpüsinde semeni tagamy diňe Nowruzda bişirilýär.

Bu baýramda datly tagamlar näçe köp taýýarlanylsa, şonça-da saçaklarymyzyň bereketli boljakdygyna ynanylypdyr.

Baýramyň esasy aýratynlyklarynyň biri-de şaman oduny ýakmak bilen baglanyşyklydyr. Nowruzda şaman oduny ýakyp onuň üstünden bökseň, ähli günäleriň dökülermiş diýip yrym edilýär.

Nowruz gijesi asman bulutly bolsa hem-de gar, ýagyş ýagsa şol ýyl ygally, ýagmyrly gelermiş.

Ene-mamalarymyz semeni taýýarlanylanda ýaşajyk bugdaý maýsalarynyň ýüzüni gyrkyp, ony saçbaga daňypdyrlar.

Nowruzda howa gurak bolsa, onda şol ýyl hem howa gurak, tomus yssy geler.

Nowruz güni ýere gyraw düşse, toprak hasylly bolarmyş.

Nowruz güni doglan çaga bagtly perzent bolarmyş.

Täzelenişiň baýramy bolan Nowruzda täze zat, täze lybas geýseň, ol saňa gowulyk, şowlulyk getirermiş.

Nowruzda pent-nesihat, öwütler bilen birek-birekden öýkeli adamlary ýaraşdyrypdyrlar.

Nowruzda Aý günortadan dogsa ýaz gurak bolar, demirgazykdan dogsa ýaz sowuk, tomus hem yssy we jöwzaly bolar.

Nowruzda edilen ähli gowy niýetler, arzuw-maksatlar hasyl bolarmyş.

Nowruzda howa bulutly bolsa, iýun aýyna çenli bulutly bolar.

Nowruzda şemal günortadan öwüsse tomus epgekli bolar, demirgazykdan öwüsse ýaz ýagmyrly, tomus yssy bolar.

Muhammetmurat NARMEDOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu