Küşt oýny «Çaturanga» diýen sözden gelip çykyp, «dört bölek» diýmegi aňladypdyr. Şol dört bölek bolsa — pyýada goşuny, atly goşuny, pili we arabany özünde jemleýändir.
Küşt ýaryşlarda ulanylýan ilkinji mehaniki küşt sagady 1933-nji ýylda Tomas Wilson tarapyndan oýlanyp tapylýar.
Käbir maglumatlara görä küşt ilki Hindistanda, gupta döwründe döräpdir.
Eplenýän küşt tagtasy taryhynyň belli bir döwründe küşt oýnamaklygy gadagan edileni üçin, ony oýnamaklygy aşa gowy görýän ruhany tarapyndan oýlanyp tapylýar. 1125-nji ýylda küşt tagtasyny kitap ýaly görkezmek üçin ony eplemäge mejbur bolýar.
Küşt oýnamak üçin ilkinji kompýuter programmasy bolsa 1951-nji ýylda işlenip düzülýär. Alan Turing tarapyndan döredilen bu programma birbada ýörgünli ulanylmaýar. Sebäbi şol wagtlar bu programmany saklamaga kompýuterleriň ýady kemterlik edýär eken.
Psihologlaryň bellemeklerine görä, küşt ýatkeşligiňi güýçlendirýän oýundyr. Çylşyrymly meseleleriň çözgüdini ýeňillik bilen tapmakda oýnuň ähmiýeti uludyr.
Dünýäniň, takmynan, 60.000 000 adamy küşt oýnunyň düzgünlerini bilýär.
Iň uzak dowam eden küşt oýny 5949 göçümden ybarat bolupdyr.
Küşt ussatlary bolan as-Suli we al-Lajlaj biziň eýýamymyzyň 900-njy ýyllarynda bu oýny oýnamagyň düzgünleri barada gollanma taýýarlapdyrlar.
Küşt güni her ýyl halkara derejesinde 20-nji iýulda bellenilýär. Bütindünýä küşt güni diňe bir halkara hyzmatdaşlygy, adamlaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmaga ýardam etmän, eýsem, parahatçylygyň ösmegine hem özüniň oňyn täsirini ýetirýär.
Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.