Ýer ýüzündäki ilatyň 55 göterimi zenanlardygyny bilýärdiňizmi?
Anna ady dünýä halklarynyň arasynda iň ýörgünli, köp dakylýan zenan atlarynyň biridir.
Zenanlar, köplenç, birnäçe maglumatyň giden bir akymyny kabul edip bilýärler, erkekler bolsa birnäçe işi ýüzugra etmeli bolanlarynda gaharlanýarlar.
Erkek kişiler takyk ylymlary, zenanlar gumanitar ylymlary aňsat özleşdirýärler.
Zenanlaryň beýnisi erkek kişileriňkä garanyňda 10 göterim kiçidir, ýöne bu ýagdaý olaryň intellektine hiç-hili ýagdaýda täsir etmeýär.
Zenanlaryň beýnisi işlände, glýukozany köp sarp edýänligi sebäpli, ol has güýçli gyzýar.
Zenanlarda guramaçylyk ukyplary has güýçli ösendir.
Erkek kişileriň eşidiş ukyby zenanlara garanyňda belli bir derejede pesdir. Şonuň üçin hem zenanlar has inçe äheňleri hem eşidip bilýärler.
Zenanlar özleriniň tebigaty boýunça has alçakdyrlar we daş-töweregindäki adamlar bilen has çalt umumy dil tapmagy başarýarlar.
Zenanlara garanyňda, erkek kişileriň arasynda çepbekeýler üç esse köpdür.
Zenanlaryň ýüregine garanyňda erkek kişileriň ýüregi bir minutda on urgyny az urýandyr.
Erkek kişiler zenanlara garanyňda egin–eşiklerine o diýen bir uly üns bermeýärler. Olar toý-tomaşada başga biriniň «edil meniňki ýaly egin-eşik geýnenleri bar eken» diýip keýplerini gaçyryp durmaýarlar.
Erkek kişilere garanyňda, zenanlar aşa syzgyr, duýgur bolýarlar.
Şasenem DURDYMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.