4-nji martda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen IV Açyk halkara matematika olimpiadasyna badalga berildi.
Ýokary derejede guralan bu halkara olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden talyp ýaşlaryň 400-den gowragy, şeýle-de daşary ýurtlardan — Bolgariýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Ispaniýanyň, Indoneziýanyň hem-de Saud Arabystanynyň 30-a golaý ýokary okuw mekdeplerinden talyp ýaşlaryň 120-ä golaýy gatnaşar.
Şu ýylyň 4 — 8-nji marty aralygynda geçiriljek IV Açyk halkara matematika olimpiadasy ýekebara we toparlaýyn görnüşinde guralar. Olimpiadanyň resmi dilleri türkmen we iňlis dilleridir.
Olimpiadanyň çäginde talyplar we myhmanlar üçin «Nusaý» ýadygärlikler toplumyna, Türkmen halysynyň milli muzeýine, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, «Berkarar», «Aşgabat», «Gül zemin» söwda we dynç alyş merkezlerine hem-de Aşgabadyň gözel ýerlerine gezelençleri guramak meýilleşdirilýär.
Şazada EREŞBAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.