Şu gün – 4-nji martda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda owgan harytlarynyň sergisiniň we Türkmen-owgan işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen başy başlanan we häzirki döwürde döwlet Baştutanymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri goňşy we doganlyk ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdan ybaratdyr. Şunda türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga, asylly ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini dowam etdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäherinde owgan harytlarynyň sergisini we Türkmen-owgan işewürlik maslahatyny guramaçylykly geçirmek baradaky degişli Karary türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan we dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alnyp kabul edildi.
Forumyň öňüsyrasynda – 3-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn türkmen-owgan gepleşikleri geçirilendigini bellemek gerek. Onuň dowamynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy.
Sergi 2024-nji ýylyň 6-njy martyna çenli dowam eder.
Aýgül MÄMEDOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.