1-nji martda günüň ikinji ýarymynda «Nest» kongresler merkezinde üçünji Antalýa diplomatik forumynyň resmi açylyş dabarasy boldy. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
Üçünji Antalýa diplomatik forumynyň resmi açylyş dabarasynyň başynda oňa gatnaşyjylar forumyň taryhyna bagyşlanan gysga göwrümli wideofilme tomaşa etdiler. Soňra dabarada Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidanyň hem-de Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çykyşlaryna orun berildi.
1 — 3-nji mart aralygynda geçirilýän nobatdaky maslahat 150-ä golaý döwletden 4500 töweregi wekili bir meýdança jemledi. Şolaryň hatarynda 20-ä golaý ýurtdan döwlet Baştutanlary, ministrleriň hem 100-e golaýy bar. «Çökgünlikler döwründe diplomatiýany ileri tutmak» atly mowzukda geçirilýän forumda ählumumy wehimler we çökgünlikler, howanyň üýtgemegi, migrasiýa, dünýä söwdasyndaky dartgynly ýagdaýlar, emeli aň ýaly şu günüň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Onuň çäginde daşary ýurtly myhmanlar dürli ugurlar boýunça çekişmeleriň 50-den gowragyna gatnaşyp, döwrüň ýiti meseleleriniň deňeçer çözgütlerini tapmak babatda pikir-garaýyşlaryny paýlaşmaga mümkinçilik alarlar.