1-nji martda 3-nji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýede iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.
Duşuşygyň başynda Gahryman Arkadagymyz ony 70 ýaş ýubileýi bilen gutlap, tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny beýan etdi we asylly däbe eýerip, türk Liderine milli lybas bolan türkmen içmegini sowgat berdi. Gadymy däbe görä, içmek il içinde uly abraýdan peýdalanýan adamlara aýratyn hormatyň nyşany hökmünde gowşurylýar.
Soňra duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi. Onda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki depginine ýokary baha berip, hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda bar bolan mümkinçiliklerden has netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny bellediler.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.