Siziň üçin...Slider

Eneler — ýol görkeziji perişdeler

02-03-2024 / 9

Bütin adamzat asyrlarboýy enäni mukaddes hasaplap, başyna täç edinip gelýär. Ahmal, şunuň üçin köneler «Jennet eneleriň aýagynyň astyndadyr» diýip aýdandyrlar. Her bir ynsan haýsy dine uýýandygyna garamazdan, bütin ömrüne el ýeterden has daşdadyr, asmanyň ýedinji gatyndadyr öýdüp gelýän jennetindenem enäni  belentde goýýar.

Beýik hytaý danasy Konfusiý: «Göwheriň hem bahasy bar, emma enäniň bahasyna ýetme ýok. Göwheri ýitirseň gazanyp bolýar enäni gazanyp bolmaýar» diýýär. Dananyň bu sözleri bize enelerimizi beýleki ýakynlaryň ählisinden ýokarda goýmalydygymyzy yşarat edýär. Çünki ene – ýekeje. Çünki iň beýik ynsanlary, adyl şalary, beýik akyldarlary, gahrymanlary ene dogurýar. Mümkin, taryhyň başyndan bäri beýik akyldarlardyr adyl şalaryň näçe müňüsiniň  ýaşap geçendigini iň güýçli alymlar hem takyk aýdyp bilmezler. Oňa derek şalary hem, beýik danalary hem, meşhur şahyrlary hem enäniň dogurýandygyny ýaňy mekdebe baran çagalaram bilýär.

Ene – bu söz iň bir ýürege ýakyn sözleriň biri. Ene diýenimizde, bizi bu ýagty jahana inderen, biziň üçin gijelerini çirim etmän geçiren, bizi mylaýym hüwdüleri bilen hüwdüläp, geljekde Watana, il-güne wepaly adamlar bolup ýetişmegimiz üçin özüniň iň gymmatly ömrüni peşgeş eden nurana keşp göz öňüňde janlanýar.

Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «Arşdan saňa inderilen iň uly serpaý – bu ene mähri. Günüň ýylysynyň topraga jan berşi ýaly, seniň janyň rahatlygy özüňe siňdirilen mähir gönezligindedir» diýip belleýär. Hakykatdan-da, ene sözi her bir adamyň ilkinji aýdýan sözüdir. Onuň nähili jadyly, maýyl ediji güýjüniň bardygy barada oýlanyp görenimizde, onda dowamatyň dowam bolýandygyna göz ýetirýäris.

Ene – bu dünýäniň bezegi. Ejeňi gözüň görüp dursa, bu Zeminde hiç bir zadyň gaýgysyny etmän ýaşarsyň. Sebäbi seniň aladaňy edýän adamyň barlygyna gözüň ýetip dur. Biz nirede bolsagam, öz mähribanlarymyzyň mertebesini belentde tutmalydyrys. Bu biziň ata-enäniň öňündäki ilkinji borjumyzdyr. Biz: «Mähriban ejemiň birje gije almadyk ukusyny men näme edemde-de gaýtaryp bilmerin!» diýen pikir bilen gezmelidiris. Her bir ata-ene çagalaryny Watanyň ykbalyna, halkynyň öňündäki borjuna bir bitewüligiň aýrylmaz bölegi hökmünde garamak, öz şahsy borjuny ýerine ýetirmek ruhunda terbiýelemelidir.

Laçyn ÝAGMYROWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu