Iň gadymy hytaý hat-ýazuw ýadygärligi miladydan öňki XIV-XI asyrlara degişli bolup, ol In döwrüniň täleýnamasydyr. Hytaý hat-ýazuwynyň gadymy nusgalary biziň günlerimize ýeterlik derejede ösen ýagdaýda gelip ýetipdir. Şeýle-de, gadymy hytaý hat-ýazuwy tipologik nukdaýnazardan, häzirki zaman iýerogliflerinden kän bir tapawutlanmaýar.
Hytaý elipbiýi hytaý dili bilen bilelikde ösüpdir. Ýagny miladydan öňki I we II asyrlarda iýeroglifleri ýazmagyň täze usuly ýüze çykyp, ol häzirki döwrüň hatyna meňzeş hasaplanylýar. Maglumatlara görä, miladydan öňki I müňýyllykda hatlar ýüpek matalara ýazylypdyr. Hatlar agaç ýa-da bambuk tagtajyklarynyň ýüzüne çotgajyklar bilen ýazylypdyr. Metaldan ýasalan pyçaklar, köplenç bozguç hökmünde ulanylypdyr.
Miladydan öňki II asyrda ýaşap geçen Saý Lun kagyzyň taýýarlanylyşy we kämilleşdirilişi barada ýazypdyr. Kagyzyň peýda bolmagy bilen ýazuwlar kagyzyň ýüzüne ýazylyp, öňki serişdeler ulanyşdan galyp häzirki zaman usullar ulanylyp başlanýar.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Aýsona AMANJAÝEWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.