London şäherinde ýerleşýän «HouseFresh» kompaniýasy ýurtlaryň we şäherleriň howasynyň arassalygy barada giňişleýin maglumat taýýarlady. Hünärmenler şäherleriň howasynyň düzümindäki ownujak bölejikleriň mukdaryna görä sanaw taýýarladylar.
Ýewropa Daşky Gurşaw Agentliginiň (EEA) maglumatlaryna görä, howanyň hapalanmagyna sebäp bolýan ownuk bölejikler ýürek-damar we dem alyş ýollaryna zeper ýetirip bilýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy howanyň düzümindäki maýda bölejikleriň 10 μg/m3–den (mikrogram/kubmetr) pes bolmalydygyny belleýär.
Ýewropa ýurtlaryny öz içine alýan barlaglara görä, howasy iň arassa şäher hökmünde Finlýandiýanyň Muonio şäheri saýlandy. Şäherde howanyň düzümindäki maddalaryň 2,8 μg/m3-dygy bellenilýär. Şäheriň daş-töweregini Pallas-Ýullýastunturi milli seýilgähi gurşap alýar. Şeýle hem şäheriň bir tarapyndan Muonioelwen derýasy akyp geçýär.
Ikinji orny Norwegiýanyň Bodo, üçünjiligi bolsa Belgiýanyň Wýelsalm şäheri eýelemegi başardy. Norwegiýa dünýäde ilaty hasaba alnanda iň köp elektroulag ulanylýan ýurt hasaplanýar. Ýurduň nebit ýataklaryna baýdygyna garamazdan, diňe ýeňil ulaglar däl, eýsem, uly göwrümli ýük ulaglarynyň we gurluşyk tehnikalarynyň hem elektrik energiýasy bilen işleýänleri az däl.
Belgiýanyň Lýuksemburg welaýatynyň Wýelsalm şäheri gözel tebigaty bilen syýahatçylary özüne çekýär.
Adalat ŞAMURZAÝEWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.