SliderŽurnalistiň sahypasy

Türkmenistanyň BMG-ä agzalygyna 32 ýyl!

29-02-2024 / 13

2-nji martda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agzalyga kabul edilenine 32 ýyl dolýar. Munuň özi diýseň uly şanly wakadyr. Özi hem bu senäniň şany diňe bir Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistany däl-de, eýsem, tutuş Ýer ýüzüni ýyladýar. Çünki Türkmenistan halkara giňişliginde, şol sanda, BMG-ä agza döwletleriň arasynda umumadamzat başlangyçlaryň belent ykrarnamalary bilen meşhurdyr.

Garaşsyzlygyny gazanansoň, ilkinji ýarym ýylyň içinde dünýäniň iň abraýly halkara guramasynyň ― BMG-niň agzasy bolan Türkmenistan bu guramanyň konwensiýalarynyň we pudaklaýyn edaralarynyň birnäçesiniň hem agzasydyr. Şeýle-de biziň ýurdumyz halkara giňişliginde hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen ilkinji we ýeke-täk döwlet hökmünde-de meşhurdyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji, 75-nji we 77-nji mejlisleriniň wise-başlyklygyna saýlanylmagy hem ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň giň goldawa, ykrarnama eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.

1992-nji ýylyň 2-nji marty Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlykda aýratyn taryhy gün. Şol gün Türkmenistan döwletimiz bu abraýly halkara guramanyň doly hukukly agzasy boldy. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ilkinji gezek,  2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa ikinji gezek biragyzdan ykrar edildi.   

2017-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Bu şanly waka netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, döwletleriň we halklaryň arasynda hakyky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmagyň anyk guraly hökmünde özüni görkezen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň umumadamzat ähmiýetini ýene bir ýola tassyklady. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilendigini hem aýratyn bellärliklidir.  

Umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň 20-den gowragy BMG tarapyndan ykrar edilen ýurdumyz bu gün bu halkara guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň 32 ýyllygyny belleýär. Ygrarlylyga, ynanyşmaga beslenen bu hyzmatdaşlyk asyrlara uzasyn!

Senemgül ALLAKOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu