Türkmen halylary gadym wagtlardan bäri üýtgeşik nepisligi, gözelligi bilen görenleri haýrana goýup gelipdir. Gelin-gyzlaryň kalbyndaky iň gözel duýgulara beslenen halylaryň her biri gaýtalanmajak sungat eseridir. Çeper elli gözelleriň uz barmaklaryndan çykan halylarda olaryň Watanyna, halkyna bolan söýgüsini, taryhda beýik döwletler guran ata-babalaryň şanly geçmişine bolan buýsanjyny görmek bolýar.
Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi il-ulsumyz üçin buýsançly waka bolup, kalbymyzy nurlandyrdy. Gadymyýetden saklanyp galan nepis gymmatlyklary döreden halklar bütindünýä medeni giňişliginde aýratyn hormata eýerip, olaryň ady döreden gymmatlyklary bilen deň tutulýar. Şeýdip, aýratyn kämilligi döreden millet şol ýoluň başyny tutujy hem-de eýesi hökmünde taryha girýär. Milli Liderimiziň «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» atly kitaplary milletimiziň gadymy senedi, nepis sungaty bolan halyçylyk barada gürrüň berýän düýpli ensiklopedik häsiýetlidir. Asyrlaryň jümmüşinden gelýän gaýtalanmajak gymmatlyk hökmünde döredilen halylar gözelligiň hem nepisligiň nusgasydyr.
Türkmen halylaryny öwrenen rus alymy S.Dudin nepis milli sungatymyzyň bu ajaýyp nusgalaryny jahanda iň gadymy haly eserleri bolup durýandygyny bellemek bilen, olaryň meşhur pars halylaryndan has irki döwürde peýda bolandygyny belleýär. Şol bir wagtyň özünde, alym türkmen we pars halylarynyň arasyndaky aratapawutlyklar barada sözüni dowam etdirmek bilen, olaryň stilistikasyndaky, haly dokalýan enjamyň gurnalyşyndaky, haly üçin peýdalanylýan ýüplükleriň görnüşinde we hilinde, hatda halyda dürli reňkleriň ýerbe-ýer edilip peýdalanylyşynda-da düýpli aratapawudyň bardygyny ýüze çykarýar: «Türkmen we pars haly önümleriniň stilindäki düýpli aratapawutlar, dokma stanogynyň gurluşyndaky çynlakaý üýtgeşiklikler, dokma serişdeleriniň taýýarlanyş hem peýdalanyş tärleriniň tapawutlanyşy we ulanylýan tehnikanyň kämillik derejesi türkmen halyçylyk senediniň parslaryňky ýaly gadymydygyna, belki, parslaryňkydan hem has ir döwürde dörän bolmagynyň mümkindigine şaýatlyk edýär, özem türkmen halyçylygynyň öz ýoly bilen kämilleşendigini açyp görkezýär».
Häzirki döwürde çeper elli gözelleriň zehininden döreýän gadymy nusgalaryň täze görnüşlerine, şeýle hem täze döredilen nagyşly halylara, dokalmasy örän inçeligi, nepisligi talap edýän haly portretlere, pannolara, peýzažlara, dürli sowgatlyk önümlere, üýtgeşik haly kompozisiýalaryna syn edeniňde, kalbyňy sungatyň beýikliginiň hem giňliginiň çäksizdigine bolan nurly duýgular gaplap alýar. Halkyň kalbyna öwrülip galan haly önümleri milletiň ajaýyp sungaty hökmünde aýratyn gymmata eýedir.
Aýjemal BEKIÝEWA,
Darganata etrabynyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň «Halyçylyk» gurnagynyň gurnak ýolbaşçysy, Kärdeşler arkalaşyklarynyň başlygy.