Sarygamyş kölünden 20 kilometr çemesi gündogarda Bötendag belentligi seleňläp otyr. Günortadan seredeniňde Bötendag Üstýurt gyry bilen bir ulgama birleşýän hem bolsa, ol özbaşyna dag belentligi bolup durýar.
Uzakdan seretseň, Bötendag belentligini tutuşlygyna synlamak mümkin. Onuň günorta burçy has belent bolup, ol uzaklardan seleňläp görünýär. Birneme golaýlanyňdan soňra onuň belent burçundaky ýadygärlikler hem mese-mälim saýgardýar. Onuň üstünde Ybraýym Edhem ýadygärlikler toplumy ýerleşýär. Bötendagyň edil gapdalyndan Amyderýanyň Sarygamşa guýan bir şahasy bolan Derýalygyň köne hanasy geçýär. Derýalyk Bötendagyň demirgazyk-gündogaryndan gelip, onuň günortasyndan Sarygamşa tarap ugur alýar.
Bötendag belentliginiň töwereginde gadymy ýaşaýşyň yzlary saklanyp galypdyr. Giň düzlükde gadymy atyz-çilleriň, ýaplaryň yzlary häzirem bildirýär. Ýerli ilat tarapyndan Akgala diýlip atlandyrylýan, ylmy çeşmelerde Adak ady bilen gelýän gadymy galanyň harabasy Bötendagyň eteginde ýerleşýär. Bötendagyň gündogar garşysynda, Derýalygyň çep kenarynda ýene bir gala bolup, ýerli ilat ony hem Akgala diýip atlandyrýar.
Bötendagyň ýadygärlikleri hakynda rowaýatlar köpdür. Bu ýöne ýere däl. Bötendag hakynda biri-birine meňzemeýän rowaýatlar aýdylýar. «Ybraýym Edhem» ady bilen awtory näbelli, ýörite dessanyň hem bardygyny aýtmak gerek.
Ybraýym Edhem IX asyrda ýaşan, sopuçylygy esaslandyran adam. Onuň atasy Edhem Sahaba bolupdyr diýýärler. Rowaýatlarda onuň soltanlyk tagtyny taşlap, derwüşlik ýoluna düşendigi aýdylýar. Bötendag belentliginiň üstünde Ybraýym Soltanyň, onuň kakasy Edhem Sahabanyň, ogly Muhammetjanyň, gelni Bibi Zülfiýanyň, aýaly Melikeýihubanyň aramgähleri bar.
Rowaýatlarda aýdylyşyna görä, Bötendag aslynda Mekgedäki Kubeýs dagynyň bir bölegi bolanmyş. Mekgä haja gitmäge mümkinçiligi bolmadyk adamlaryň zyýarat etmegi üçin bir gijede üstündäki mazarlar bilen bile şu ýere gelip düşenmiş. Dagyň adyny hem şu ýagdaý bilen bagly hasaplaýarlar. Böten sözi gadymy türki dilinde özge, başga diýen manyny berýär. Başga ýerden gelen dag manysynda bu daga Bötendag diýenmişler. Bötendagyň adynyň Üstýurt dag ulgamyndan bölek oturanlygy bilen bagly bolmaklygyny hem çaklaýarlar.
Birnäçe ýyl mundan ozal Bötendag belentliginiň golaýynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy netijesinde Aral deňzinden göterilýän zyýanly tozanyň öňüni almak maksady bilen 20 müň gektarlyk meýdanda çöl agaçlaryndan tokaý zolagynyň düýbüniň tutulmagy Bötendagyň ýerlerini has-da gözelleşdirdi.
Taýýarlan: Gülşat GELDIÝEWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.