2024-nji ýylyň 25–27-nji fewralynda BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasy merkeziniň wekili Igor Runow iş sapary bilen Aşgabatda boldy.
Habar berlişi ýaly, I.Runow Türkmenistanyň paýtagtyna iki günlük gelmeginiň dowamynda ýurduň ulag we gümrük edaralarynda birnäçe iş duşuşyklaryny hem-de tegelek stollary geçirdi. Şolaryň barşynda ýurduň we sebitiň ulag-kommunikasiýa ulgamlarynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Aşgabatda bolmagynyň jemleýji gününde tejribeli halkaraçy-hünärmen ulag diplomatiýasy meseleleri boýunça Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyna geldi. I.Runowyň ýokary okuw mekdebiň professor-mugallymlar düzümi hem-de talyplary bilen söhbetdeşligi institutyň mejlisler jaýynda geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny halkara we sebit derejelerinde ösdürmekde gazanan üstünliklerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem Türkmenistanda we sebitde ulag düzümlerini gowulandyrmak arkaly ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk baradaky meselelere üns berildi.
Babahan EÝEBERENOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.