
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkara hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklar hem netijeli ösdürilýär. Şu ýylyň 25-28-nji fewralynda Türkmenistanyň bilim ministri B.Orazdurdyýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Katar Döwletine iş saparyny amala aşyrmagy türkmen-katarhyzmatdaşlygynda möhüm wakalaryň hataryndan orun alar.
Halkara tejribäni öwrenmek diňe bir ylym-bilimiň ösüşinde däl, eýsem, ähli babatda ýokary netijeleri gazanmak üçin örän möhümdir. Şu gezekki saparyň maksady dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdepleridir döwlet edaralary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakdan ybarat boldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylyň 22-nji noýabrynda ýola goýlup, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň syýasy erki we özara ynamy netijesinde strategik derejä çykarylan hyzmatdaşlyk bu günki gün taryhy umumylykdan we geljekki meýillerden ugur alnyp, ägirt uly menzilleri nazarlaýar. Özara ýakynlyk-ýürekdeşlik, birek-birege ynamlylyk türkmen hem-de katar halklarynyň dost-doganlygyny berkitmäge, hyzmatdaşlygyň geljekki çelgilerini kesgitlemäge ýol açýar. Iki döwletiň arasyndaky alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hem bilim ulgamydyr.
Iki döwletiň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň hukuk binýady dogrusynda belläp geçsek, 2016-njy ýylyň 7-nji martynda gol çekişilen «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Özara düşünişmek barada Ähtnamany», 2017-nji ýylyň 15-nji martynda baglaşylan «Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany», 2023-nji ýylyň 20-nji martynda Doha şäherinde baglaşylan «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany» görkezmek bolar. Bu resminamalar iki döwletiň arasynda degişli ugur boýunça hyzmatdaşlyk etmäge sütün-daýanç bolup hyzmat edýär.
Ýeri gelende bellesek, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde hem arap dili ikinji daşary ýurt dili hökmünde öwrenilýär. Institutymyzyň okuw maksatnamalarynda arap medeniýeti, taryhy, edebiýaty we daşary syýasaty bilen bagly okuw dersleri okadylýar. Munuň özi biz — talyp ýaşlaryň arap diline gyzyklanmamyzy has-da artdyrýar.
Geljekki türkmen diplomatlaryny ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly hünärmenler edip ýetişdirmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!
Muhammetmurat NARMEDOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.



