Siziň üçin...Slider

Awissenanyň lukmançylyk mirasy

27-02-2024 / 18

Alym, akyldar, lukman, tebigaty öwreniji, saz nazaryýetçisi, matematik we psiholog, dermanlary öwreniji, astronom, şahyr Abu Aly Hüseýin ibn Abdulla ibn Aly ibn Hasan ibn Sinanyň ömri türkmen halkynyň taryhy bilen berk baglanyşyklydyr.

Ömrüniň 12 ýylyny Gündogaryň ylym merkezleri hökmünde giňden tanalan Ürgenç, Merw, Bawert, Nusaý şäherlerinde geçiren alym özüniň ýiti zehini, paýhasy, tejribesi, binýat goýujy nazaryýetleri bilen ylmy açyşlary edip, gaýtalanmajak eserleri döredip geljek nesillere uly miras galdyrypdyr. Ibn Sinanyň öz döwrüniň ylym kerweniniň başyny çeken beýik şahsyýetler — taryhçy, astronom, geodezik Abu Reýhan Biruny, filosof, lukman we matematik Abul-Haýr Hammar, meşhur pir we şahyr Abusagyt Abylhaýyr — Mäne baba bilen halypa-şägirtlik we ussatlyk gatnaşyklary, bu akyldarlaryň ylmyň baýlaşmagyna goşan goşantlary halkymyz üçin aýratyn buýsançlydyr.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Gündogarda “Alymlaryň baştutany”, Günbatarda “Akyldarlaryň serdary” diýen derejelere mynasyp bolan Abu Aly ibn Sinanyň biziň günlerimize gelip ýeten eserleri, ylmy-pelsepewi döredijiligi geçmiş bilen şu güni we geljegi birleşdirýän gymmatly hazynadyr, bütin adamzadyň guwanjydyr. Dünýä ylmynda Awisenna ady bilen tanalan Abu Aly ibn Sina, döwrüniň “ilkinji Gippokraty” hasaplanan Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Muhammet Gaýmaz Türkmen, Jelaleddin Hydyr ýaly görnükli lukman-alymlaryň ýörelgeleri, halk lukmançylygynyň tejribeleri, häzirki zaman ösen lukmançylyk ylmynyň gazananlary esasynda ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny döretmekde we lukmançylyk ylymlaryny ösdürmekde ägirt uly işlere badalga berildi.

Abu Aly ibn Sinanyň ylmy mirasynda iýmitlenmek, saglygy berkitmek üçin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň ähmiýeti hakynda aýdanlary, lukmançylyk mirasynyň ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda eýeleýän orny, lukmançylyk etikasynyň esasy düşünjeleri baradaky çykyşlar aýratyn gyzyklanma döretdi. Alymyň ylmy mirasynda “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” atly ajaýyp işi möhüm orny eýeleýär. Ol ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda diňe bir Gündogar halklarynda däl, eýsem, Günbatar Ýewropa ýurtlarynda hem lukmançylyk boýunça esasy gollanma bolup hyzmat edipdir. “Lukmançylyk ylmynyň kanunlarynyň” köp jiltli kitaplary Ýewropada 1953-nji ýylda neşir edilýär. Bu ylmy iş häzirki günlere çenli hem öwrenilip gelinýär.

Awisennanyň bu işi lukmanlaryň öz ugurlarynda ýüzlerçe ýyl öňe gitmegi üçin gollanma bolup hyzmat edipdir. Lukmançylyk ensiklopediýasynda keseller we olaryň alamatlary, bejergi usullary ýokary derejede ulgamlaşdyrylypdyr.

Roza ISKENDEROWA,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 14-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu