2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkiýäniň Ankara uniwersitetinde bu ýerde zähmet çekýän türkmen alymy Berdi Saryýewiň tagallasy bilen beýik akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi mynasybetli Magtymguly burçy döredildi.
Magtymguly burçunda beýik türkmeniň şahyry Magtymguly Pyragynyň dürli dillerde çykan kitaplary, onuň döredijiligine degişli monografiýalar, goralan dissertasiýalar, žurnallardaky ylmy makalalar, golýazmalary esasynda ýazylan ylmy işler, Magtymgulynyň 3 jiltlik goşgularynyň CD görnüşindäki audio ýazgysy (sesli okalyşy), «Magtymguly» kinofilmi, Berdi Kerbabaýew tarapyndan ýygnalyp 1926 ýylda arap harpy bilen ýazylan nusgasy basylan kitaby we Eýranda taýýarlanylyp neşir edilen 2 jiltlik kitaby ýerleşdirilipdir. Şeýle-de bu ýerde uzak ýyllaryň dowamynda zähmet çekýän türkmen alymy, ildeşimiz Berdi Saryýewiň okatmagynda «Magtymgulyny öwreniş» sapagy geçirildi.
Çäre TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», ata Watanymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylymyzda örän giň gerimde bellenilýän beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesini uludan dabaralandyrmak maksady bilen geçirildi.
Toýly JÄNÄDOW,
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy.