
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana şanly 70 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Köp ýyllaryň dowamynda dürli ýokary döwlet wezipelerinde zähmet çekmek bilen, Siz ýurduňyzy yzygiderli ösdürmäge, halkyňyzyň bähbitlerini goramaga, milli strategiýalary we maksatnamalary durmuşa geçirmäge uly üns berýärsiňiz. Siziň öňdengörüjilikli baştutanlygyňyzda Türkiýe Respublikasy häzirki wagtda sebitde hem-de onuň daşynda mynasyp hormata, abraýa eýe boldy, ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge mynasyp goşant goşýar” diýlip, hatda bellenilýär.
“Siz Türkmenistanda ýurdumyzyň hakyky dosty, parasatly, öňdengörüji döwlet işgäri hökmünde tanalýarsyňyz we çuňňur hormata eýesiňiz. Zähmetiňize ýokary baha hökmünde Siz 2021-nji ýylda Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” ordeni bilen sylaglandyňyz.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we ýaşuly nesle hormat goýmak däplerine eýerip, türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmäge bahasyna ýetip bolmajak şahsy goşandyňyzy, halklarymyzyň jebisligine, gülläp ösmegine gönükdirilen aladaňyzy göz öňünde tutup, şeýle hem şanly 70 ýaş toýuňyz mynasybetli, jenap Rejep Taýyp Ärdogan, Size Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen adyny dakmak barada karara geldik” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi.