Siziň üçin...Slider

Gyzlar göteriň sandygy…

26-02-2024 / 12

Agaç ussaçylygy hem milli senetçiligiň diňe bir iň irki däl-de, eýsem, iň esasy ugurlarynyň biri bolsa gerek. Taryhymyzda öý-hojalyk, ekerançylyk we maldarçylyk işleri bilen bagly gurallardyr enjamlar, esasan, agaçdan ýasalypdyr: jykyr, azal, sandyk, gaýyk, araba, kejebe, hasa, aşgapak, çapgyýassyk, oklaw, kersen, çemçe, susak, dürtgüç, hatap, gaňňa, eýer, iş gurallarynyň saplary, türkmen akylynyň we eliniň nepis önümi bolan meşhur ak öý hem agaçdan.

Umumadamzadyň maddy däl medeni gymmatlyklarynyň sanawynda mynasyp orun eýeleýän «Görogly» şadessanynda:

Eý ýaranlar halaýyklar,
Gyzlar göteriň sandygy.
Aga-ini, dosty-ýarlar,
Gyzlar göteriň sandygy —

diýlip taryp edilýän sandyklar zenanlar üçin arzyly öý goşlarynyň biri hökmünde bellidir. Dürli gabarada ýasalýan sandyklar gadym döwürlerden bäri söwda ýollarynda, öýlerde durmuş zerurlyklary üçin giňden ulanylypdyr. Ussalaryň nepis nagyşlar bilen haşamlap ýasan agaç sandyklary döwletli öýleriň duluna ýaraşyk beripdir. Sandygyň ýüzi oýma hem-de dürli reňkler arkaly ösümlik şekilli nagyşlar bilen zynatlanypdyr. Sandyk haşamlananda, daş-töweregimizi gurşap alýan owadan tebigatymyzyň gözelliklerinden nusga alnypdyr.

ХIХ asyryň ahyrynda, ХХ asyryň başlarynda türkmen öýleriniň içki bezeglerinde-de sandyk esasy orun eýeläpdir. Sandygyň üstüne ýorgan-düşekler we ýassyklar galdyrylypdyr. Sandygyň içine bolsa türkmen zenanlary zerur hasaplan zatlaryny, bukjasyny, mata-marlyk, ownuk-uşak salnan düwünçekleri salypdyrlar.

Maral SEÝIDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu