Iki maşgala goňşuçylykda ýaşapdyr. Olaryň birinde är-aýal mydama jedelleşipdir, dawa-jenjel edipdir. Beýleki maşgalada bolsa mydama agzybirlik, söýgi, özara goldaw, rahatlyk höküm sürüpdir. Kesir aýal bolsa goňşularynyň nädip beýle agzybirlikde ýaşap bilýändiklerine akyl ýetirip bilmändir we olara göriplik edipdir. Bir sapar ol adamsyna goňşularyna nädip rahat durmuşda ýaşamagyň başardýandygyny bilmegi tabşyrypdyr. Adamsy goňşularynyň açyk penjiresiniň ýanyna baryp, öý eýeleriniň gözüne ilmezden, şol öýde bolup geçýän zatlary synlap başlapdyr. Ol otagda öý bikesini görüpdir. Zenan öý goşlarynyň tozanyny süpürýärdi. Şol pursatda telefon jyňňyrdapdyr. Aýal gyssanmaçlyk edip, gymmat bahaly wazany stoluň gyrasynda goýupdyr. Birnäçe minutdan otaga onuň adamsy girip, atanlykda ýaňky waza degipdir. Ýere gaçan waza kül-owram bolupdyr. Şonda goňşusy: «Indi-hä, goh-galmagal tursa gerek?!» diýip, içini gepledipdir. Ýöne öý bikesi adamsynyň ýanyna gelip:
― Ezizim, meni bagyşla, muňa men günäkär! Men wazany oňaýsyz ýerde goýupdyryn ― diýipdir.
Şonda adamsy:
― Mähribanym, gaýtam, sen meni bagyşla! Men ony görmändirin ― diýip, jogap beripdir.
Goňşusy öýüne keýpsiz dolanypdyr. Aýaly bolsa goňşularynyň maşgala bagtynyň syrynyň nämededigini biljek bolup, oňa sowal üstüne sowal beripdir. Adamsy şonda şeýle jogap beripdir:
― Düşünýäňmi, mesele — olaryň maşgalasynda hemmeleriň özüni ýazykly, bizde bolsa hemmeleriň özüniňkini dogry hasaplaýandygynda.
Taýýarlan: Begnazar AMANKAKAÝEW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünäriniň 4-nji ýyl talyby.