Şu dört häsiýet her kişiniň kämilliginden söz açýar: dosty bilen maslahatlaşmagy, duşmanyň alyna çydamagy, ajy sözi ýuwutmagy we gazap oduny öçürmegi başarýan hakyky är ýigitdir.
* * *
Şu üç usul bilen üç maksada ýetip bolýar: dost bolup duşmandan gutulmak, sabyr-kanagat bilen arzuwyňa gowuşmak we ylalaşyk bilen özgeleriň söýgüsini gazanmak.
* * *
Adam häsiýetleriniň dördüsi şu ýagdaýlaryň üstünden eltýär: özdiýenlilik — utanja, gyzmalyk — ökünje, gödeklik — goh-galmagala, ýaltalyk — kemsidilmä getirýär.
* * *
Şu dört häsiýet adamlary sandan çykarýar: men-men diýen ärleri — gysyklyk; alymlary — şöhratparazlyk; zenanlary — haýasyzlyk; başdantutma hemmesinem aldawçylyk ýekän-ýekän ýakyp-ýandyrýar.
* * *
Iň peýdaly häsiýet hem, edil şonuň ýaly, iň zyýanly häsiýet hem öwrenişmek.
* * *
Durmuşda bize her hili häsiýetdäki adamlar duşýar. Biri mylaýym, biri ýowuz, biri mähriban ýene biri has-has başgarak. Biz olaryň ýekejesinem düýbünden düzedip bilmeris. Ýöne täsir etmämizi welin bes etmeris.
* * *
Goý, sen özüňe däl-de, il saňa guwansyn. Senden gowy zatlary öwrenjek bolsun!
* * *
Bilim bilen tejribe, kasam bilen wepalylyk biri-birine bagly hazyna.
Taýýarlan: Mähri ANNAÝEWA,
TOHI-niň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.