SliderSyýahatçylyk

Dünýäniň bäşinji ummany

24-02-2024 / 14

Biziň köpimiz mekdepde okan döwrümizden bäri geografiýa dersinden dünýäde ummanlaryň dördüsiniň bardygyny bilýäris. Ýöne soňky döwürde geografiýa kartasynda «Günorta» diýlip atlandyrylýan bäşinji ummanyň peýda bolmalydygy baradaky habarlar peýda bolýar.

Şeýle habaryň iki asyrdan gowrak taryhynyň bardygyny bellemek gerek. Ilkinji gezek XVIII asyryň kartalarynda «Günorta ummany» adalgasy peýda boldy. Mundan başga-da «Antarktik ummany» we «Günorta Buzly ummany» ýaly adalgalar hem ýörgünli boldy. Şondan soňky ýyllarda täze ummanyň çäklerini kesgitlemek bilen baglanyşykly işler alnyp baryldy. 1937-nji ýylda «Halkara gidrogeografiýa guramasy» Günorta ummanyň demirgazyk serhedini kesgitledi. Şonuň netijesinde täze ummana Ýuwaş, Atlantik we Hindi ummanlarynyň günorta bölekleri degişli edildi. Ýöne takyk serhediniň ýokdugy sebäpli şondan 20 ýyldan soňra bu pikir inkär edildi.

2000-nji ýylda ýokarda ady agzalan gurama bu ummany ýene ykrar etdi. Şunlukda ummanlaryň sany ýene bäşe barabar boldy. Ýöne okuw kitaplaryna, kartalara we atlaslara ummanyň serhetlerini, adyny girizmek üçin ony döwletleriň resmi taýdan ykrar etmegi gerek. Ýurtlaryň köpüsi eýýäm kartalara Günorta ummanyny we onuň adyny girizdi.

Wagtyň geçmegi bilen alymlar bu ummanyň anyk serhetlerini kesgitlemek üçin barha köp delilleri getirýärler. Sowuk akymlar bilen birlikde Ýuwaş, Atlantik we Hindi ummanlarynyň ýyly akymlarynyň hem serhetleri bardyr. Şeýle-de Günüň güýçli täsiri netijesinde bu ýeriň haýwanat we ösümlik dünýäsi has işjeňdir. Şol sebäpli bu çäk balyklara we beýleki jandarlara has baýdyr. Şeýle-de Günorta ummanda buzdaglary has köp duş gelýär. Şeýle aýratynlygy bu ummanyň serhetlerini kesgitlemäge goşmaça esas bolup durýar. Bulardan başga-da suwuň düýbüniň gurluşy bäşinji ummanyň has anyk çäklerini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Taýýarlan: Didar SAPARLYÝEW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu