SliderTrend we gözellik

Dünýäniň iň meşhur moda brendleri

23-02-2024 / 315

Ýaňy-ýakynda «Lyst» onlaýn platformasy dünýädäki iň meşhur moda brendleriň sanawyny hödürledi.

Birinji orny Italiýanyň meşhur brendi bolan «Prada» brendi eýeledi. Ýatlap geçsek, soňky çärýekde Moda öýi Şanhaýda Pradasphere II atly sergi açyp, NASA-nyň astronawtlary üçin skafandrlary işläp taýýarlamak maksady bilen Axiom Space amerikan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyny yglan etdi. Şeýle-de, meşhur brend Maýýa Houk, Demson Idris, Lui Partrij we Kim The-ri bilen mahabat kompaniýasyny hem çykardy.

Sanawda ikinji orny «Miu Miu», üçünji orny bolsa «Loewe» brendleri eýelemegi başardy. Şeýle-de, geçen 2023-nji ýylyň soňky çärýeginde sanawda «Bottega Veneta», «Moncler», «Saint Laurent», «Versace», «Jacquemus», «Burberry», «Valentino», «Gucci», «Balenciaga», «Diesel», «Skims», «Dior», «Louis Vuitton», «UGG», «The Row», «JW Anderson» hem-de «Fendi» ýaly iň meşhur brendler orun aldy.

Nurana MUHAMMEDOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu