Söýgi ýüregiň üsti bilen ynama girýär.
Adamkärçilikli hereket ýürege lezzet berýär.
Ýüregiň batyrlygy, akylyň ýitiligi iki sany uly zynatdyr.
Ýagşy pikir adamyň ýüreginde ýaşaýar.
Aklyňyzy öwrenýän zadyňyzyň çuňlugyna goýberseňiz, ýüregiňizi asmana çykararsyňyz!
Ýüregiň ýatkeşligi akylyňkydan güýçlüdir.
Diňe begenýän ýürek ýagşylykdan lezzet tapmaga ukyplydyr.
Öňkimize garanymyzda, biz has gowy bolmaly diýen pikir ýüregimizde hemişe gowşaman ýaňlanyp durýar.
Wyždanly adamyň artykmaçlygyny onuň ýiti zehini däl-de, ýüreginiň arassalygy kesgitleýär.
Hyjuw bilen gözellige ymtylýan adamyň ýüreginde şol gözelligi döredýäniň gözlerindäkiden hem ajaýyp ýagtylyk döreýär.
Taýýarlan: Aýgül MURADOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.