Ýene-de goşgy ýazýaňmy,
Niçik şygryň haly gyzym?!
Sen mydama al-asmanda,
Uçup ýören ýaly gyzym.
Ýöne eliň galamlyka,
Neçüýn çytyk gaşly-la sen?!
Sähel zada aglaberýäň,
Derrew gözüň ýaşly-la seň.
Göwün keşdäň setirlerni,
Diňe yşga sapýaň gyzym.
Kalbyňda ýok bolsa şo zat,
Nireden söz tapýaň gyzym?!
Dogry düşünmezler gyzym,
Ejeň bilýär-ä, hiç kime,
galdyrmaýanňy gabagňy,
Ýaz Watan hakda, wasp eýle,
dag arçasyn, çöl sazagny.
Kowup ýörme-dä bagtyňy,
Diňe goşga ylgama sen.
Gelse ýazmaly bolýansyň,
Dözümsiz-dä ylhama sen.
Wah, üýtgeşik ynjyk gyzym,
Ah, üýtgeşik näzik gyzym.
Her hal seniň bagt kölüň,
Bolmasyn-da läbik gyzym.
Belki aýdanlarym seni,
Zemine düşürer gyzym.
Beräýmesek şahyr ýigide,
Kim saňa düşüner gyzym?!
Gülnabat BEGENJOWA,
žurnalist.