Siziň üçin...Slider

Sanly lukmançylygyň mümkinçilikleri

23-02-2024 / 3

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ýörelgeden ugur alnyp, ynsan saglygyny goramaga we berkitmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyryp, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär.

Ýokary hünär derejeli lukmanlaryň taýýarlanylmagy, şeýle-de dünýäniň belli önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlarynyň ornaşdyrylmagy bilen, türkmenistanlylara ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlary edilýär. Hususan-da, ýurdumyzda Germaniýada, Fransiýada, Italiýada, Ýaponiýada, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Niderlandlar Patyşalygynda, Çehiýada, Daniýada, Finlýandiýada, Şweýsariýada, Günorta Koreýada, Beýik Britaniýada we Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen iň kämil, öňdebaryjy innowasion lukmançylyk enjamlary, saglygy goraýyş maksatly serişdeler ornaşdyryldy.

Sanly lukmançylyk – bu tehnologiýalyry ulanyp, lukmançylyk maglumatlaryny sanly görnüşde gaýtadan işlemegiň we seljermegiň netijeleri arkaly ýokary hilli lukmançylyk hyzmatynyň toplumydyr. Sanly lukmançylygyň kämilleşdirilişi emeli intellekt, robot enjamlary, simsiz aragatnaşyk, elektron maglumatlary gaýtadan işlemek we derňemek, giňeldilen we wirtual hakykat ulgamynda täze çözgütler arkaly amala aşyrylýar. Senagatyň IT çözgütlerine bolan isleginiň ýokarlanmagy, dünýä ýüzünde keselleriň sanynyň köpelmegi, hassalara yzygiderli gözegçilik we uzak möhletleýin ideg bermek zerurlygy sanly lukmançylygyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Lukmançylyk informatikasynyň esasy maksady, saglygy goraýyş ulgamynyň hilini ýokarlandyrýan kompýuter tehnologiýalaryny ulanmak arkaly lukmançylykdaky maglumat amallaryny optimizirlemekdir. Tejribäniň görkezişi ýaly, ýurdumyzda gurlup halkyň hyzmatyna berlen saglyk öýleriniň, saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleriniň, köpugurly hassahanalaryň we şypahanalaryň sanly tehnologiýalar, döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi raýatlarymyz üçin edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň ep-esli ýokarlanandygy bellärliklidir.

Sanly lukmançylygyň ýene-de bir aýratynlyklarynyň biri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli bolan, ilaty ilkinji lukmançylyk, hassahana, şypahana, saglygy goraýyş kömegi bilen üpjün edýän edaralarda, şol sanda dermanhanalarda elektron maglumat ulgamynyň yzygiderli ornaşdyrylmagydyr. Elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny döretmek hem-de ony Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky saglygy goraýyş edaralarynda işe girizmek ýola goýuldy. Bu ulgam bejeriş-anyklaýyş işleriniň netijeli guralmagyna, lukmanlaryň zähmet netijeliliginiň ýokarlanmagyna, lukmançylyk gullugynyň we bölümleriniň özara aragatnaşygynyň pugtalanmagyna ýardam berýär.

Sadap HALLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu