Siziň üçin...Slider

Lukmançylygyň atasy

22-02-2024 / 7

Türkmenleriň arasynda Lukman Hekim, Ýewropada Awisenna, ylymlar äleminde «Lukmançylygyň atasy», gündogarda bolsa “Alymlarbaşy”  diýlip tanalýan – Abu Aly ibn Sina ýer ýüzünde öçmejek yz galdyran meşhur alymlaryň biridir.

Lukman Hekimi, esasan, «lukmançylygyň atasy» hökmünde tanaýarlar. Onuň bu babatda ýazan işlerini, dürli dertleri bejeriş usullaryny häzirki wagtda giňden peýdalanýarlar. Alym öz ýazgylarynda lukmançylyk ylmy hakynda şeýle belläp geçýär: «Lukmançylyk kyn ylymlardan däl, şonuň üçinem men ony şeýle bir gysga wagtyň içinde öwrendim welin, lukmançylygyň iň bir güýçli adamlary hem lukmançylyk ylmyny menden öwrenmäge başladylar».

Jürjen şäherinde özüniň geljekki şägirdi Abu Ubeýt Jüzjany bilen tanyş bolýar. Akyldar bu şäherde 46 sany ylmy eserini, şol sanda «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly meşhur eseriniň birinji bölümini ýazýar.

Akyldar 1023-nji ýylda dogany Mahmyt hem-de öz şägirtleri bilen Yspyhana barýar. Yspyhan şäheri beýik akyldaryň has öndümli işlän, zähmet çeken ýeri hasaplanýar. Ol bu ýerde «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly iri göwrümli eserini ýazyp tamamlapdyr.

Ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly eseri XII asyrda latyn diline terjime edilýär. XII asyrda ýaşan Nyzamy Aruzy Samarkandy diýen alym: «Kanun» bilen tanşylandan soň, galan lukmançylyk kitaplaryny okamak artykmaçlyk eder» diýip, onuň ähmiýetine ýokary baha beripdir.

Ibn Sina «Lukmançylyk ylmynyň kanunlarynda» keselleriň döremeginde we geçip gitmeginde durmuş şertleriniň aýgytly ähmiýeti niň bardygyny belleýär. Ol: «Her bir zada akyl ýetirmek, eger ol döreýän bolsa, onuň sebäbine akyl ýetirmek arkaly amala aşyrylýar we kämilleşdirilýär, şonuň üçin-de lukmançylyk hem saglygyň we keseliň sebäbini bilmeli. Keseliň döreýşi howa şertine, iýmite, suwa, ýaşaýyş-durmuşyna we daşky gurşawyň täsiri bilen baglanyşyklydyr» diýýär. Bu gün ösen lukmançylyk ylmy hem köp babatda taryhyň iň güýçli lukmanlarynyň biri bolan bu şahsyýetiň işlerine daýanýar.

Häzirki wagtda dünýäniň çar künjünde lukman-alyma uly sarpa goýulýar. Abu Aly ibn Sinanyň adyna lukmançylyk öýleri, ýokary okuw mekdepler, sagaldyş öýleri hem açylýar.

Zuhra ATAMURADOWA,
Daşoguz şäheriniň 21-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu