Nesilleriň ösen şahsyýetler bolup ýetişmeginde olaryň ilkinji nobatda milli ene dilini bilmegi, kämil sözleýşi başarmagy zerurdyr. Şonuň üçin hem çagalara irki ýaşdan sözleýiş dili öwredilip, olaryň dil biliminiň kämil bolmagy gazanylýar. Irki ýaşly çagalaryň sözleýşiniň ösüşi üns berilmeli ähmiýetli döwürdir. Çünki, binýat näçe berk bolsa, bina şonça bakydyr.
Ene dili çagada ilkinji gözellik terbiýesini berýän sapak bolup hyzmat edýär. «Meniň balajygym, meniň körpejäm!» ýaly mylaýym sözleri ene hemişe öz ogul-gyzyna aýdýar. Çaga ilki heň boýunça düşünýär. Soňra bolsa ýüz keşbinden şol sözleriň gowy sözlerdigine düşünýär.
Çaga hüwdüler arkaly mähir berilýär, goşgy, erteki okap berlende şol çagada şatlanmak, begenmek ýaly duýgular döreýär. Munuň hemmesi ene dili bilen baglanyşyklydyr.
Eger-de çaganyň düşünjesi giňäp, sözlük gory haýal toplanýan bolsa, ol öz pikirini doly beýan edip bilmez. Aýtjak bolýan zadyny hereketi bilen düşündirmäge çalşar. Bu bolsa daş-töweregindäki adamlar bilen gatnaşygyny kynlaşdyrar. Şonuň üçin hem çaganyň öwrenen sözleriniň düzüminde onuň daş-töweregindäkiler bilen düşünişmeklikde bolmagyny üpjün edýän sözler bolmaly. Çaganyň sözlügine olaryň düşünmejek sözlerini saljak bolmaly däl.
Çaganyň sözleriň ähmiýetine düşünmeginiň üstünde işlemek hem möhüm işleriň biridir. Sesler diňe bir manyny aňlatmaýarlar. Olaryň köpmanylylygyny heniz durmuş tejribesi bolmadyk çaga özleşdirip bilmeýär. Munuň özi mekdebe çenli döwürde çözülmeýän iş bolup, mekdep ýyllarynda ýuwaş-ýuwaşdan öz manysyna eýe bolýar. Çaga düşünjesi anyk we göni manyly sözleri özleşdirýär. Olaryň sözlüginde umumy düşünjäni aňladýan sözler bolsa-da, olara kesgitli derejede düşünýärler. Käbir ýagdaýlarda terbiýeçiniň ulanýan sözlerine hem çagalaryň düşünmeýän ýerleri bolýar. Terbiýeçiniň borjy çaga sözüň manysyna dogry düşünmegi we ony dogry ulanmagy öwretmekdir.
Kümüş ÇARYÝEWA,
Dänew etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.