Habarlar

Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy giňden belleniler

22-02-2024 / 10

Türki halklary edebiýatynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy örän uly abraýa eýe şahyrdyr. Özbegistanda hem bu nusgawy şahyryň döredijiligine uly hormat goýulýar, aýratyn söýgi bilen okalýar. Özbegistanyň Prezidenti tarapyndan beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny giňden bellemek hakynda Kararyň kabul edilmegi sözümiziň aýdyň subutnamasydyr.

Şu mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe iberen Hatynda nygtalyşy ýaly: «Häzirki wagtda Magtymgulynyň goşgularynyň özbek dilinde ýaňlanmagy, Özbegistanyň mekdeplerinde, ýokary bilim ojaklarynda öwrenilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Türkmenistanda hem Alyşir Nowaýy, Mirzo Ulugbek, Munis Horezmi ýaly beýik özbek şahyrlary, akyldarlary hem alymlary tanalýar we hormatlanýar».

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda Magtymgulynyň ençeme şygyrlary özbek diline terjime edilip, okyjylara hödürlendi. Özbegistanda neşir edilen Magtymgulynyň «Iliňe bagyş eýle» atly şygyrlar ýygyndysyny Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.M.Mirziýoýewiň 2017-nji ýylyň martynda Türkmenistanda bolan döwlet saparynda Gahryman Arkadagymyza sowgat etmegi özbek halkynyň beýik şahyra goýýan uly hormatyndan nyşandyr. Şeýle hem Daşkent şäherinde «Aşgabat» seýilgähiniň ýanynda 2017-nji ýylyň 18-nji maýynda Magtymguly köçesinde şahyryň heýkeliniň oturdylmagy akyldar şahyryň döredijiligine goýulýan hormatyň näderejededigini görkezdi.

Käbir özbek şahyrlarynyň dörejiliginde Magtymgulynyň şygyrlaryna eýerip, ondan täsirlenendigini, beýik türkmen şahyrynyň däplerini özüniň döredijiliginde dowam etdirilendigini görmek bolýar. Mysal üçin, Özbegistanyň halk şahyry Halima Hudoýberdiýewanyň «Myhmandyr» ( «Mehmondir» ) atly şygry bar.

Jemläp aýdanymyzda, akyldar şahyrymyzyň döredijiligi iki halkyň arasyndaky edebi gatnaşyklary, hyzmatdaşlyklary ösdürmekde köpri diýsek hem ýalňyşmarys.

Enara BALTABAÝEWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu