Ahal welaýatynyň Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bu taryhy çözgüt 2022-nji ýylda Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edildi.
* * *
Änew — taryhy asyrlara uzaýan gadymy künjek. Seýit Jemaleddin ýadygärlik toplumy, gadymy Änewiň galalary we beýleki taryhy ýerler bu topragyň gadymy şan-şöhratyndan habar berýär.
* * *
Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen Gadymy Änewiň taryhy depelerinden 5 müň ýyl mundan öň ösdürilip ýetişdirilen ak bugdaýyň däneleri tapylýar. Bu bolsa Änew düzlüginiň ak bugdaýyň ilkinji mekanynyň bolandygy hakdaky taryhy hakykaty ýüze çykarýar.
* * *
Änew şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän Milli «Ak bugdaý» muzeýi ak bugdaýyň şanyna gurlan dünýäde ilkinji muzeýdir.
* * *
Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýi, «Saglyk» binasy, «Buýsanç» çagalar medeni-dynç alyş seýilgähi, 3000 orunlyk sport toplumy, Medeniýet öýi, döwrebap orta mekdepler we çagalar baglary şähere görk berýär.
Raşid MEREDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.