Siziň üçin...Slider

Ylym Çyn-Maçynda bolsa-da, öwreniň!

21-02-2024 / 4

Akyldarlaryň biri: «Ylmyň başy dymmakdyr, soň diňlemekdir, soň ýatlamakdyr, soň amal etmekdir, soňra ony ýaýratmakdyr. Kim öwrense, öwrenen zadyna amal etse we öwrenen zadyny başgalara öwretse, ol many äleminde beýik adam saýylýar. Onuň mysaly Gün ýalydyr. Günüň özi ýagtydyr we başgalara ýagtylyk berýändir» diýipdir. Gahryman Arkadagymyz bolsa: «Gün bolmasa, nur, kök bolmasa, daragt, ylym we bilim bolmasa, bagtyýarlyk bolmaz» diýip, ylym-bilimiň türkmen ýaşlary üçin kämillik ölçegi bolup durýandygyny nygtaýar. Hakykatdanam, ylym-bilim — beýik hazyna, üstünlik çelgisi.

Ylmyň dünýä taryhynda tutan ornuna düşünmek üçin ýekeje mysal getiresim gelýär. Ýagny Gadymy Gresiýada şeýle bir kanun bar eken: «Eger kim öz perzendine ylym öwretmese, onda ol atalyk hukugyndan mahrum bolupdyr».

Bilýänsiňiz, bir çynar agajy ýüz ýylda ýetişýär, bir kädiniň ýetişmegi üçin bolsa, 3 aý ýeterlik. Ylym hem edil çynar mysaly. Ol uly güýç we gaýrat talap edýär. Bilimi ösdürmek biziň ýurdumyzda hem döwlet syýasasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar.

Pederlerimiz ylymdar adamlara juda uly hormat goýupdyr. Ynsan ýaşaýşynyň şamçyragy diýlip hasaplanylýan ylmyň gazananlary biziň durmuşymyzy hakyky eşrete öwürdi. Parasatly ata-babalarymyzyň nusgalyk ýörelgelerine pugta eýerip, bilimi bagt ýoluna deňeýän ýaşlarymyzyň islän hünärleri boýunça kämil derejelere ýetmegi üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikler döredilýär. Hezreti Muhammet Pygamberiň «Ylym Çyn-Maçynda bolsa-da, öwreniň!» diýen hadysyny köpümiz bilýändiris. Bu ündew Garaşsyzlyk ýyllarynda täzeden galkyndy. Türkmen ýaşlarynyň uly topary daşary ýurtlarda bilim alyp, ol ýurtlaryň ylymda, bilimde ýeten derejesi bilen tanyşdylar, olaryň baý tejribesini özleşdirdiler.

Çemen GELDIMYRADOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu