Siziň üçin...Slider

Bütindünýä poeziýasynyň Elbrusy

20-02-2024 / 4

Magtymguly türkmen medeniýetiniň iň möhüm ruhy binýatlarynyň biridir.Onuň şygyrlarynyň aýratynlygy Hakdan içen şahyr bolmagyndadyr.
A.Kartal, türk alymy.

Magtymgulynyň diwany türkmen halkynyň taryhydyr.           
A.Alemi, eýran edebiýatçysy.

Türkmen halkynyň gahrymanlary Magtymgulynyň sözleri bilen aldym-berdimli söweşlere girdiler. Çaganyň dünýä inen şatlykly pursatlaryny şol sözler bilen garşyladylar. Onuň täsirli setirleri aşyklaryň ýüreklerini joşgun bilen gurşap alýardy. Biziň döwürdeşlerimiziň ýene-de birnäçesi ynsanperwer, filosif şahyryň ajaýyp setirleriniň üsti bilen özleriniň kimdigine düşüner.
Ç.Aýtmatow, gyrgyz ýazyjysy.

Mistik-sufistik poeziýadan tapawutlylykda, Magtymgulynyň döreden keşbi munuň özi bütinleý ýer adamsydyr, folklordan tapawutlylykda bolsa, ol ertekileýin däl-de durmuşydyr. Şu ýerden hem Magtymgula bütin halk ykrary, oňa bolan aýratyn söýgüsi syzyp çykýar.Mundan başga-da onuň diňleýjileriniň we okyjylarynyň göz öňüne getirmeklerinde şahyr öz döreden keşbi bilen gatyşyp ýaşaýar. Magtymgulynyň aýratyn ýakymlylygynyň syry hem şundadyr..
I.S.Braginskiý, gündogarşynas.

Magtymguly türkmen poeziýasynyň gymmatbaha daşlarynyň biri bolup, ol biziň zamanamyzda täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhle bolup lowurdaýar. Magtymguly Jemşidiň jamydyr.
Ý.E.Bertels, gündogarşynas.

Magtymgulynyň döredijiligi tükeniksiz şypa berýän, dünýä manysyny saçýan parasat çeşmesidir. Ol ölmez-ýitmez pikirleriň we asylly, adamkärçilikli duýgularyň genji-hazynasydyr. Men Magtymgulynyň goşgularyny okanymda onuň ýagty ýadygärliginiň öňünde tolgunman durup bilmeýärin.
M.Ibragimow, Azerbaýjanyň halk ýazyjysy.

Doganlyk türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymgulyny iň gumanistik ideýalary uly şahyrana güýç bilen halkyň göwnüne ornaşdyryp bilenligi üçin söýýärin.
A.Ishak, tatar şahyry.

Biziň halkymyzyň däbi boýuça iň belent zatlar Elburs dagy bilen deňeşdirilýar. Men Magtymgulyny we onuň poeziýasyny-da şol belent dag bilen deňeşdiresim gelýär. Magtymgulyny biz diňe türkmen poeziýasynyň däl-de, eýsem, dünýä poeziýasynyň-da Elbrusy hasaplaýarys.
K.Kulyýew, Kabardin şahyry.

Bu gün Magtymgulynyň şygyrlary dünýä halklarynyň pähim baýlygynyň ortalyk hazynasyna ymykly goşuldy. Sebäbi dünýä okyjysy olardan diňe türkmen durmuşyny däl, eýsem, öz durmuşyny-da görüp bilýär.
K.Kurambaýew, garagalpak alymy.

Ylahy yşky wasp ediji beýik türkmen aryfy we şahyry Magtymguly Pyragy külli musulman äleminiň akyldarydyr.
M.Ýuwa, siriýaly alym.

Taýýarlan: Maral SAHATOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Sanly dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu