Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Ýiti akyly bolan, pähimli oýlanmagy başarýan nesiller döwrüň zerurlygyna aýdyň düşünip bilýärler. Akylly ogul-gyzlar Watan gymmatlygynyň manysyna aýdyň düşünýän pähimdarlaryň nesilleridir» diýip belleýär. Şoňa görä-de, biziň filosofiki dünýägaraýşa aň ýetirmäge çemeleşmegimiz derwaýys meseledir.
Filosofiýa adamyň özüni gurşap alan dünýä akyl ýetirmegine, dünýä bilen sazlaşykly ýaşamagyna, hereket bilen aňyň sazlaşykly bolmagyna ýardam etmek wezipesini ýerine ýetirmek bilen çäklenmeýär. Bulardan daşary, ol adamlaryň birek-birek bilen sazlaşykly gatnaşygynyň ýörelgesi, gollanmasydyr. Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligine nazar aýlanyňda, şahyryň hut şu ýörelgeleri kämil beýan edendigine göz ýetirýärsiň. Şahyryň türkmen halkynyň durmuş pelsepesine öwrülen ajaýyp şygyrlary, öňe süren taglymatlary, öwüt-ündewleri we ýörelgeleri adamlaryň aňyna, ýüregine hem-de duýgularyna örän ýiti täsir edýär.
Akyldar şahyrymyzyň döredijiligi ynsanperwerlik, ahlaklylyk, gözellik ýaly düşünjelere esaslanýar. Magtymguly adamlaryň arasyndaky durmuş deňsizligini hem goşgularynda çeper beýan edýär:
Kimi begliginde düşmez eýwandan,
Kimi ýoksullykda käýiner jandan.
Şahyryň pikirine görä, il-ýurdunyň sarpasyny saklaýan goç ýigitler namysa baý hem arjaň bolmalydyr. Şeýle düşünjäniň häzirki döwürde hem ähmiýetlidigini aýratyn bellemek gerek. Magtymguly Pyragynyň hakykat terezisinde adam mertebesini kesgitleýän setirleri heňňamlar geçse-de, öz gymmatyny ýitirmez:
Ärler bar — müň tümen iýdirseň azdyr,
Adam bardyr — iýen aşyna degmez.
Beýik filosofyň eserleriniň beýikliginiň bir tarapy, onuň her bir şygryndan köptaraply many alyp bolýandygyndadyr. Şonuň üçin ylymlaryň ähli ugurlarynda beýik Magtymguly Pyragynyň döredijiligine orun bar. Şahyr islendik temadaky şygryny — taryhy beýan edende-de, dünýä akyl ýetirende hem jemleýji nokady öwüt beriji, wagyz-nesihat, sargyt ediji häsiýetde goýýar.
Jemläp aýdanymyzda, halkyň islegi, arzuwy, duýgusy Magtymgulynyň döredijiliginiň, filosofik garaýyşlarynyň özenidir:
Magtymguly, indi goja galyp sen,
Ýagşylara her dem hemra bolup sen,
Zeberdest ärlerden pata alyp sen,
Iliňe bagş eýläp ötgül, Pyragy.
Aýlar SEÝITNYÝAZOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.