Habarlar

9 ýaşly oglanjyk Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

19-02-2024 / 8

Mongoliýaly Çingim Sanduu atly 9 ýaşly oglanjyk Simon oýnuny oýnamakda täsirli ukyba eýe bolandygy sebäpli Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy.
Oglanjyk oýunda 276 basyşy (23 hereketi) gözüni ýumup we aýdym diňläp, üstünlikli amala aşyrdy.

Simon oýuny 70-nji ýyllaryň ahyrynda we 80-nji ýyllaryň başynda amerikalylar Ralf Behr we Howard Morrison tarapyndan döredildi. Bu elekron oýuny çagalaryň ýatkeşligini we reaksiýasyny ösdürmäge we türgenleşdirmäge kömek edýär.
Çingim Sanduunyň bu üstünligi beýleki çagalar üçin ylham beriji mysal bolup, tutanýerlilik we seresaplylyk bilen olaryň hem Simonyň oýnunda-da, durmuşynyň beýleki ugurlarynda-da ajaýyp netijelere ýetip biljekdigini görkezýär.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu