
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Ýakyn geljekde türkmen diplomatiýa gullugynyň esasyny düzmek, beýleki döwletlerde we halkara guramalarynda, daşary ykdysady gatnaşykar ulgamynda, dünýäniň maglumatlary we hukuk giňişliginde Türkmenistana wekilçilik etmek hut siziň wezipäňiz bolar. Özüňize ýüklenen jogapkärçilige mynasyp boluň, öz Watanyňyzy söýüň, oňa buýsanyň, watançylar boluň, ýöne şunda beýleki ýurtlara we halklara,olaryň taryhyna, medeniýetine, däp-dessurlaryna hormat goýuň. Halkara parahatçylygyny, dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň hatyrasyna öz ýurdumyza hyzmat etmek siziň borjuňyzdyr. Bu belent ýörelgeler ýol görkeziji şamçyrag, bu gün okuwyňyzyň, ertir bolsa siziň işiňiziň esasy many-mazmuny bolmalydyr.
Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 18-nji fewraly Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni hökmünde ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýär. Milli senenamamyzdan görnükli orun alan bu şanly sene türkmen diplomatlaryna we olaryň alyp barýan asylly işlerine döwlet derejesinde goýulýan sarpanyň nyşanydyr. Türkmen diplomatiýasynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, sebit hem-de halkara gatnaşyklarynda özara düşünişmek we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary dünýä derejesinde uly ähmiýete eýedir.
Döwletimiziň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda diplomatik gullugyň üstüne örän jogapkärli wezipeler düşýär. Ylmy çeşmelerde: «Diplomatik gulluk döwlet diwanynyň aýratyn bölegi bolup, ol halkara gatnaşyklary çäginde döwletiň hukuklaryny goramak wezipesini öňünde goýmak bilen, öz ýurdunda-da, daşary ýurtlarda-da hereket edýär» diýlip bellenilýär.
Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň açyklygy, ygtybarly döwlet hökmünde giň möçberli hyzmatdaşlyga taýýarlygy hem-de ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdini tapmak ugrundaky işjeňligi halkara durmuşynda türkmen diplomatiýasynyň ykrar edilmegine itergi berýär. Ösüş arkaly parahatçylyga hyzmat edýän bu wezipeler, ilkinji nobatda, baky Bitaraplygymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri bilen sazlaşýar.
Baýramyňyz gutly bolsun!
Merjen JUMAGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 4-nji ýyl talyby.



