Türkmenistandan Malaýziýa we Saud Arabystanyna täze howa gatnaw ugurlary açyldy. 15-16-njy fewralda, degişlilikde, Aşgabat — Kuala-Lumpur hem-de Aşgabat — Jidda ugurlary boýunça eýýäm ilkinji uçuşlar amala aşyryldy. «Türkmenhowaýollary» agentliginde berlen habara görä, Aşgabatdan bu şäherlere uçuşlar hepdede iki gezek amala aşyrylar.
15-nji fewralda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherine ilkinji uçuşy amala aşyran ýolagçy uçary bu ýurtda dabaraly garşylandy. Howa gämisinde baran ýolagçylary Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Maşalow, şeýle-de bu ýurduň syýahatçylyk, sungat we medeniýet ministri mähirli garşyladylar.
16-njy fewralda paýtagtymyzdan Saud Arabystanyna «Boeing 777-200LR» kysymly ýolagçy uçarynda amala aşyrylan uçuş Aşgabat — Jidda — Aşgabat ugry boýunça ýola goýlan täze howa gatnawynyň başyny başlady.
«TürkmenGazet».