Siziň üçin...Slider

Aral maksatnamasy: tagallalar birleşýär

17-02-2024 / 6

Goňşy döwletler bilen netijeli we dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň deňhukukly, özara ynanyşmak dialogynyň giňeldilmegine gönükdirilen daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Sebitiň ýurtlarynyň Merkezi Aziýanyň möhüm meselelerini çözmegiň has netijeli ýollaryny gözlemekde tagallalaryň birleşdirilmegine umumy gyzyklanmalary döwletleriň özara düşünişmek, hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerýändikleriniň subutnamasydyr. Aral meselesiniň çözgüdi öňde durýan wezipeleriň iň möhümleriniň biridir.

Hut şu maksat bilen, 1993-nji ýylyň ýanwarynda Araly halas etmegiň halkara gaznasy döredildi. Şondan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda ol Aral heläkçiliginiň ýetiren ekologik, durmuş-ykdysady hem-de ynsanperwer meselelerini çözmek boýunça oňyn döwletara hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly meýdança öwrüldi. Şol döwrüň içinde iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen bilelikdäki işleri işjeňleşdirmek hem-de ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirildi. Sebäbi bu mesele toplumlaýyn çemeleşmeleri talap edýär. 2008-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna synçy derejesini bermek barada Kararnamany kabul etmegi Aralyň dünýä derejeli häsiýete eýedigini hem-de ony tizden-tiz ýeňip geçmek üçin halkara tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny tassyklan taryhy ähmiýetli waka boldy.

Gaznanyň ähli agzalary ýaly, Türkmenistan hem diňe bir giň gerimli milli taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen çäklenmän, Aral sebitinde durmuş-ykdysady, ekologiýa ýagdaýy gowulandyrmak, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine-de işjeň ýardam berýär. Munuň özi diňe sebit derejesinde däl-de, ählumumy derejede-de uly ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýylyň iýun aýynda Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen Durnukly ösüş boýunça maslahatda (Rio+20) Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň ýörite ugruny işläp taýýarlamagy teklip etdi hem-de ony “Aral üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasy” diýip atlandyrdy. Bu maksatnamada Aral deňziniň sebitinde ýagdaýy durnuklylaşdyrmak hem-de gowulandyrmak boýunça anyk meýilnamalar göz öňünde tutulýar. Bu ugurda ýurdumyzyň durmuşa geçirýän yzygiderli işleri barha dünýä bileleşiginiň uly goldawyna eýe bolýar. 2018-nji we 2019-njy ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamalary biragyzdan kabul etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

2012-nji ýylda tassyklanan howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda Aral meselesi, aýratyn-da, Aralyň guramagynyň daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsirini azaltmak meselesi öz beýanyny tapdy. 2019-njy ýylda bu strategiýa gaýtadan tassyklanyp, onuň yzysüre bolsa Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasy kabul edildi. Maksatnamada ykdysady, durmuş, ekologiýa, suw ulgamlarynda taslamalaryň 86-syny durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Geçen ýylda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbede geçirilýän Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitinde eden çykyşynda Aral meselesi bilen bagly teklipleriň birnäçesini öňe sürdi. 

Ejegül ÖWLÝAKULYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 18-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu