Dünýäde üzüm öndürmekde Fransiýa döwleti ilkinji ýerde durýar.
Howanyň sowuk ýerlerinde ösýän üzüm agajynyň şahalary 2 – 3 metre, maýyl howaly ýerlerde ösýän üzüm agajynyň şahalary 30 – 40 metre çenli ösmäge ukyplydyr.
Dünýäde üzümiň käbir sortlary bezeg hökmünde ösdürülip ýetişdirilýär. Onuň uzyn liana şekilli baldaklary janly diwarlary döretmekde giňden peýdalanylýar.
Senagat taýdan işlenen üzümden galan galyndydan tebigy boýaglar we garaýag alynýar.
Üzümiň tohumlaryndan azyklyk we tehniki maksatlarda ýag alynýar.
Iň garry üzüm agajy 440 ýaşynda bolup, ol Sloweniýa döwletiniň Maribor şäherinde ösýär we miwe getirýär.
Häzirki döwürde dünýäde üzümiň 20 müňe golaý görnüşi bar.
Gadymy pullarda we teňňelerde üzüm çybyklarynyň şekilleri goýlupdyr.
Eger üzüm agajynyň düýbüne arpabadyýan ekilse, onda şol üzüm has gowy ösýär we miweleýär. Sebäbi arpabadyýan üzüm çybyklaryny dürli zyýankeşlerden we kesellerden goraýar.
Üzümiň gara reňkli sortlarynyň düzüminde ak reňkli sortlara garanda, peýdaly maddalar köp saklanýar.
Üzümiň gabygy onuň etine garanda adam bedeni üçin has peýdalydyr.
Taýýarlan: Bahar ATAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.