13-14-nji fewralda Ermenistanyň Suratkeşler birleşiginiň «Martiros Sarýan» sergi zalynda ýurdumyzda 2024-nji ýylyň şygarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegine we akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi guraldy. Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasy hem-de dostlukly ýurduň Suratkeşler birleşigi tarapyndan guralan serginiň açylyş dabarasyna medeniýet-sungat işgärleri, ylym-bilim edaralarynyň, Ýerewanda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda Ermenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy S.Safarýan hem-de ýurdumyzyň dostlukly döwletdäki doly ygtyýarly wekili M.Aýazow gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Türkmen diplomaty çykyşynda filosof, nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň türkmen halkyna dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyndan mynasyp orun alyp, bütin adamzadyň buýsanjyna öwrülen gymmatly edebi mirasy ýadygär galdyrandygyny belledi.
Ýeri gelende bellesek, Magtymguly Pyragynyň goşgulary 1959-njy, 1983-nji we 2014-nji ýyllarda ermeni diline terjime edilip, çapdan çykaryldy. Şunuň bilen baglylykda, ilçi dabara gatnaşýanlaryň arasynda söz ussadynyň şygyrlarynyň terjimeleriniň awtory, terjimeçi şahyr W.Hasturyň hem bardygyny aýtdy. Ol, öz gezeginde, Magtymgulynyň ermeni dilindäki şygyrlarynyň birini okap berdi.
Gültäç AGAMYRADOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.