Habarlar

Dünýädäki iň uly yşyk şüweleňi bolar

15-02-2024 / 4

Ýaponiýanyň paýtagt prefekturasynyň häkimiýeti şu ýylyň fewralynda dünýäde iň uly yşyk şüweleňini geçirmegi meýilleşdirýär. Bu şüweleň syýahatçylar üçin meşhur ýer bolan Tokionyň administrasiýasynyň binasyna proýektirlener.

Tokionyň administrasiýasynyň häzirden Ginnesiň rekordlar kitabyna ýüz tutandygy hem aýdylýar. Mundan başga-da, 25-nji fewralda işe giriziljek şüweleň her agşam tölegsiz geçirilip, Tokionyň administrasiýasynyň tutuş binalar toplumyny gurşap alar. Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri Tokio häkimiýetiniň dünýäde iň uly yşyk şüweleňi üçin ýüzlenmesine ýörite dabaranyň açylyş gününden baha berip biljekdiklerine ynanýarlar.

Selbi ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu