Gyş äleme dolaram welin, arassa howany demim bilen kükregime soran pursadym, kalbymy tämizlik gurşaýar. Agaçlaryň öýkelän çaga ýaly eginlerini gysyp oturşy adata öwrülen ýaly bir ahwalaty hakydamda oýarýar. Basym asman nur elegini eläp, mymyk tozgalary bilen agaçlara akja mahmaldan begres geýdirer. Gar tozgalarynyň zemine şaýlanýanyndan bihabar ketjal şemal daşarda aýagy bişen towuk ýaly, barjak salgysyny ýitirip, iki ýana bökjekläp ýör. Hamana, ol ýalaňaç şahalaryň hüwdüsine saz çalyp, nota düzjek ýaly goh edýär. Leýlisaç hem kel kellesini aşak salyp, göwnüne ýakmaýan aýdym başlanan ýaly müýnürgäp yraň atýar.
Kümüş jygaly gyşyň gelmegi bilen pikirlerden surnugan nazarym mele toprakda eglenýär, ol hamana, gojalan göwünli ýaşuly kimin, demini alan gök çaýy süzüp göwnüni hoşlan ýaşlygyny ýatladyp, ýaýylyp ýatyr. Zähmet dynç alşyna çykan garantga hem atyzyň güp-ortasynda höwür bolup, meýmiräp her wagt barmaksyz ellerini asmana galdyryp, garyň ýagjagyna garaşýana meňzeýär. Ine-de, arşdan tüýdülen pamyklar pessaýlap, ömrüň minutlary ýaly zeminiň kükregine sary eňip başlady. Hälki bezzatja şemal hem ýodadan, ýollardan, gözýetimden, sesýeterden ýoluny üýtgeden ýaly gürüm-jürüm boldy. Ine, şeýdip ömürleriň ýene bir gyşy öz möwrütini gätmäge äňetdi. Alabaýam köçeden geçip barýan jygyldysy «Jygyllygy» ýada salýan araba pitiwa etmän, kellesini öňki aýaklarynyň üstüne goýup, üýrmäge hyýal hem etmän hüňürdedi-de, gar tozgalaryndan öz paýyna düşýänjesiniň şam gara bedeninde ornaşýanyna üns bermän, pikirlerine gümra bolup ýatyberdi. Ýöne bu pursatlar guşlukdan aňyry gadamyny basmady. Az salymam bolsa, tizligi ýyndam bedew kimin çalasyn bolan gar tozgalary tutuş obany aklyga büräp, gyşyň gözel görnüşini natýurmorta salan ýaly ajaýyp keşbe büredi. Esli salym görnüşini üýtgetmän saklan hem bolsa, gyşyň garly gujagyny gülküleri bilen gyzdyrýan çagajyklaryň sesleri çar tarapa ýaýyldy. Kimsi gar tokgalap biri-birine zyňmaga meýil etse, kimsi eýýäm gar adamsynyň suduryny ýasamana ýelk ýasap barýardy. Äpişgeden hyýallara berlip durşuma, oguljygymyň gyşyň garly pursadyny duşundan geçirmejek bolup atygsaýan göwnüni ýykmaga gurbum çatmady. Pingiwinjigiň ekiztaýyna öwrülen tokarja oglum, gyş eşiklerini geýinensoň-a has-da togalanana döndi. Şeýdip, ömrüniň üçünji gyşyna giren balajygym ak garly meýdana aýagyny ätledi. Bir ädim, iki, üç, soň dört… sanawajymy ýitiren ýaly, soňky ädimleri sanamagy hem unudyp, özümiň ejemli çaga dünýäme dolandym, oglumy bolsa gyşyň gözelligi bilen ikiçäk goýanymy kemem görmedim…
Ak gar ýaly ak göwünli ejem bilen her gar ýaganynda, daşarda gezmelemek endigimiz bardy. Aýaz gorkusy ýyly kalply ejemli günlerimde bize mälim zat däl eken. Çünki, biziň kiçijik eýwanlyja ojagymyzy, hamyrmaýasy ýetirilen saçagymyzy, kükräp girmäge aýazlaryň het edip bilmeýän jigerimizi şol mährem zenanyň gyzgyn gujagy we gyzgyn dünýäsi ýyladýan eken. Özüm eje bolsamam, ejemli günleriň gujagyna dolmak islegim bu günki gyşyň gözel görki bilen süňňüme aralaşdy. Pasyllaryň ajaýyby kümüş jygaly gyşda ynsanlaryň poslan, kirşen basan kalplaryna aklygyň aralaşmagam nepislikden nyşan ahbetin. Hut şonuň üçin hem gyşa tüýs kümüşden bezenen pasyllaryň ajaby diýesim gelýär. Onuň görk-görmeginiň aglabasyny aklyk eýelän hem bolsa, sergezdan aýazynyň, kümüş sübseli çawuş çakýan şemalynyň aýratyn bir gözelligi bar. Gyşyň keşbini synladygymça, şeýda setirler serimde sermeläp başlaýar:
Dünýäň damaryndan akýan derýalar,
Pyýalalap içýär gyşyň şerbetin.
Dalaş edip gije aýazy bilen,
Garşylaýar gyrawlyja ertesin.
Çal bulutdan gaýyp gelýän tozgalar,
Ezilipdir gülküsine çagalaň.
Şonuň üçin obalardan uzakda,
Goja daňlaň gara başy çalaran.
Gyş-soltany mähelleli zeminiň,
Sahawat elegi nazarym eglär.
Aýazly gün myhman bolan burjular,
Ýalaňaç agaçlaň şahasyn ellär.
Meýdanlaryň juwan süňňi agralyp,
Akja gary ýapynypdyr egnine.
Şemal bolsa köçeleri süpürýär,
Kümüş sübsesini alyp eline.
Gyrawlara bezeg beren ussanyň,
Ýerine düşüpdir gören azaby.
Gör, kimlere galmagaldyr belki-de,
Gargalaryň gyş hakdaky gazaly.
Bir ýerlerde tüýdülipdir pamyklar,
Näzli gyz deý tänip gelýär asmandan.
Paýym berip, olar sowuk howadan,
Geçip gelýär başymdaky desmaldan.
Onýança-da, oguljygymyň naşyja tokgalan gar bölejigi egnime degip, pikirli dünýämi kül-peýkun etdi. Ýaňaklary gyrmyzy nara öwrülen gyşyň muşdagynyň elinden tutdum-da, ejemli günlerden galan ýatlamalaryň kerwenini ýatladýan, goja pejiň gapdalynda burçluja unaş içmek üçin öýe sary gadam basdyk.
Bibi TAGANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.