Gündelik durmuşymyzda gabat gelýän bu ýagdaý, şübhesiz käbir adamlaryň başyna gelýän bolsa gerek?! Bu ýagdaýa «mere exposure effect» diýilýär. Ýagny gysgaça tanyşlyk ýa-da öwrenişiklilik. Bir zady ýa-da adamy näçe köp görseňiz ýa-da onuň sesini eşitseňiz, şonça-da halap başlaýarsyňyz. Bu ýagdaý hem şol täsiriň esasynda döreýändir.
Alym Robert Zajongyň 1968-nji ýylda geçiren barlaglarynyň esasynda, adamlarda deň bolmadyk käbir nyşanlaryň bardygyny görkezip, obýekt näçe köp görüldigiçe, şonça-da halanmaga başlanýar diýen netijä gelipdir.
Mysal üçin, birinji gezek diňleýän aýdymymyzy ilki halaman yzygiderli diňlemegiň netijesinde halap bileris. Aýdymy ilkinji gezek diňlänimizde: “gowy däl”, ikinji gezek diňlänimizde: “ýaman däl, boljak”, üçünji gezek diňlänimizde bolsa: “gowy” diýen ýaly sözler size tanyş bolup biler.
Bu effekt, esasan, telewizorlarda köp ulanylýar. Has takygy, kärhanalar reklamalaryny yzygiderli görkezip, harytlarynyň adamlaryň aňynda galmagyny başarýarlar.
«TürkmenGazet».