Habarlar

Matematiki modelirlemek boýunça bäsleşik geçirildi

13-02-2024 / 4

2024-nji ýylyň 12-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematiki modelirlemek boýunça ders bäsleşigi geçirildi.

Bu bäsleşik Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli guraldy. Oňa ykdysady hünärlerde ýokary bilim alýan talyp ýaşlaryň 50-den gowragy gatnaşdy.

Bäsleşigiň maksady talyp ýaşlaryň takyk ylymlara, öz saýlan hünärlerine bolan höwesini artdyrmak, olaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny, ylmy gözleglerini kämilleşdirmek, häzirki zaman sanly ykdysadyýetde ulanylýan ykdysady-matematiki usullary we modelleri çuňňur bilýän talyp ýaşlary höweslendirmek, önümçilikde, ykdysadyýetde, ylym-bilimde ýüze çykýan ylmy-amaly meseleleri derňemäge we çözmäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmek, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek ýaly ugurlary öz içine alýar.

Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat boldy. Degişli düzgünnama laýyklykda, birinji tapgyr 50 soragdan ybarat synag görnüşinde boldy. Ikinji tapgyrda gatnaşýanlara 6 sany ykdysady-matematik tabşyryk we olary çözmek üçin 4 sagat wagt berildi.

Bäsleşik «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek çygrynda örän netijelidir.

Güljemile DÄDEBAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu