Siziň üçin...Slider

Ak bugdaý etraby — 2023-nji ýylyň iň gowy etraby

13-02-2024 / 3

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 10-njy fewralynda çykaran 258-nji Buýrugyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby 2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzda ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edildi we bu etrabyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy.

Bäsleşigiň maksady ýurdumyzy durnukly ösdürmekden, täze tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmekden hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdyr. Şu jähetden, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň, Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda 2024-nji ýylyň jemleri boýunça hem welaýatlarda we Aşgabat şäherinde durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda bäsleşik yglan edildi. Yglan edilen bäsleşikde Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrabyň ýa-da etrap hukukly şäheriň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak bellenildi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu