Siziň üçin...Slider

Dzýudo — öz-özüňe erk etmegiň sungaty

13-02-2024 / 3

Dzýudo jiu-jitsudan, gadymy samuraý söweşijileriň el söweş tehnikasyndan döreýär. Bu garşydaşlary ýere zyňmagy we olary tabynlykda saklamagy göz öňünde tutýar.

Dzýudo – 1880-nji ýyllarda işlenip taýýarlanylan, adaty ýapon sporty. Bu dürli sport mekdepleriniň aýratynlyklaryny birleşdiren we düzgünleri kodlaşdyran doktor Jigoro Kano (1860-1938) boldy. Kano fiziki, intellektual we ahlak terbiýesiniň usullaryny goşup, jiu-jitsunyň köp sanly howply böleklerini aýyryp we 1882-nji ýylda özüniň birinji mekdebini ýa-da dodzýo açyp, dzýudonyň filosofiki ýörelgelerini belledi. 

Ýapon dilinde “ju-do” sözi agajyň şahasynyň garyň agramynyň aşagynda we döwülmeýän “eplenmeginiň” taryhyna degişli bolan “çeýelik ýoly” diýmegi aňladýar. Şeýle bolsa hem, bäş minutlyk hüjümler gaty bir mylaýym däl we edil boks we göreş ýaly fiziki taýdan çylşyrymly bolup dilýärler.

Dzýudo ilkinji gezek 1964-nji ýylda Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlaryna girizilýär we soňlugy bilen öz meşhurlygyny we türgenlerini gazanyp ugraýar.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hasaplanylýan Türkmenistanda hem dzýudo bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Ýurdumyzyň ussat türgenleri diňe bir Türkmenistanda däl,  eýsem halkara derejesinde geçirilýän sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, ýaşyl baýdagymyzy belentde parladýarlar.

Berdiýar NURHANOW,
Köýtendag etrabyndaky 1-nji sport mekdebiň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu