Diňe bir türkmen edebiýatynda däl, eýsem, dünýä edebiýatynda hem uly yz galdyran Magtymguly Pyragy heniz çagaka öz kakasyndan ilkinji bilimini alyp, Döwletmämmet Azadynyň şahsy kitaphanasyndaky gündogar edebiýatynyň golýazmalaryny okap özleşdiripdir. Onuň ilkinji okan medreseleriniň biri-de, türkmen topragynda ýerleşýän Idris baba medresesidir.
Idris baba medresesi häzirki wagtda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşliginiň Gyzylaýak obasynda ýerleşýär. Bu medresäniň gurlan wagty, takmynan, 1640-njy ýyl diýlip çaklanylýar. Ony gurduran Gyzylaýak obasynda görnükli şahsyýetleriň biri Hezreti Idris baba bolup, onuň hakyky ady il içinde sylagly ýaşulularyň berýän gürrüňleri boýunça Muhammet bolupdyr.
Idris babanyň aslynyň ürgençli bolup, ene-atasynyň bu ýere göçüp gelendigi barada maglumatlar bar. Idris babanyň ýaşap geçen döwri XVI asyryň ahyrlary XVII asyryň başlary diýlip çaklanylýar. Häzirki wagtda onuň gubury Esenmeňlide ýörite gonamçylykda ýerleşýär. Idris baba medresesinde bejeriş işleriniň geçirilmegi bilen, onuň öňki durky täzelendi. Medresäniň ilkibaşlarda 24 sany hüjresi bolup, daşyna haýat aýlanan howlusy hem-de dört burçunda dört diňi bolupdyr. Emma Amyderýanyň suwunyň öz hanasyna sygman joşandygy sebäpli, onuň diňlerine we birnäçe böleklerine zeper ýetipdir, şol wagt onuň bezegi bolup, seleňläp oturan 2 sany tut agajynyň hem bir bölegi suwuň ugry bilen akyp gidipdir. Emma medresä hiç hili zyýan ýetmändir, häzirki wagtdaky onuň keşbi zyýan ýetmän galan bir bölegidir. Täzeden timarlanyp bejerilen medrese Magtymguly atamyzyň gadamy düşen mukaddes ýerleriň biridir.
Türkmen nusgawy edebiýatyny esaslandyryjy Magtymguly Pyragynyň Gyzylaýak obasyndaky Idris baba medresesine gelmegi, onuň bu ýerde okamagy Halaç topragynda XVIII asyrda ylmyň, bilimiň ösendigini görkezýär. Doly bolmadyk maglumatlara görä, şol döwürde diňe Esenmeňli obasynda medreseleriň altysy bolupdyr. Medresäniň gurluşy barada aýdanymyzda, Hezreti Idris babanyň tebigy ylymlardan örän gowy başy çykypdyr. Onuň gurduryp beren bu ajaýyp medresesiderýadan 30 – 40 kilometr uzaklykda gurlansoň, Amyderýanyň suwy bu medresä golaý gelmändir. Şol sebäpli medresä zyýan ýetmändir we onuň daş-töwereklerinde talyplar üçin hüjreler hem-de naharhanalar, kömekçi jaýlar bolupdyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda gadymy ýadygärliklerimizi gorap saklamak barada köp sanly işler geçirilýär. Milli mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy dünýä ýaýmak babatda giň möçberli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.
Gülhatyja DIDAROWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.