Siziň üçin...Slider

Alamberdaryň kümmeti

Öz taryhy bilýäňmi?

11-02-2024 / 12

Kümmet KerkiTürkmenabat gara ýolunyň 12-nji kilometrinde Astanababa geňeşliginiň çäginde ýerleşýär. Ýerli ilat ony Alamberdaryň ýa-da Alamberdar tugçynyň baýdak göterijiniň ýadygärligi diýip atlandyrýar.

Taryhy çeşmelere görä, bu ymarat samanitler neslinden bolan, samanitler döwletiniň (IX-X asyrlar) iň soňky dolandyryjyşy Abu-Ybraýym Ysmaýyl  Muntasyryň kümmetidir.

Orta asyr taryhçysy Abu Nasr al Utbynyň ýazuw çeşmelerinde 1003-1004-nji ýyllaryň wakalary beýan edilipdir. Şonda Abu Ybraýym Ysmaýyl Muntasyryň elden gidiren häkimiýetini yzyna gaýtaryp almak üçin 4 gezek synanyşyk edipdir. Emma hemmesinde-de ýeňlişe sezewar bolup, Amyderýanyň çep kenaryna gaçyp geçmäge mejbur bolupdyr. 1004-nji ýylyň ahyrynda Amul bilen Zemm aralygynda göçme arap taýpalary tarapyndan öldürilipdir we Zemmiň Maýmarg şäherinde jaýlanypdyr diýip aýdylýar.

Kümmetiň bina edilen wagty XI asyryň başyna degişli. Planynda taraplary 10,35 metr inedördül bolan bu uly ymarat taraplary 27х27 sm., galyňlygy 4,5 sm, ölçegdäki bişen kerpiçlerden nagyşlanyp örülipdir. Binýady dört hatar kerpiçden ybarat bolup, onuň üstünden örülen diwarlarynyň beýikligi  4,2 metrdir. Daşky diwarlaryň dört tarapy hem üçe bölünip, olaryň içi arkalar bilen bezelip örülipdir. Binanyň dört burçy goşalandyrylyp örülen sekizburçly sütünler bilen berkidilipdir. Diňe gündogar diwaryň orta bölegi giňräk goýlup, onda portally girelge ýerleşdirilipdir.

Diwarda ulanylan nagyşly kerpiçleriň aglabasy, çig wagty nagyşlanyp soňra bişirilipdir. Binanyň gurluşygynda  14 görnüşli  nagyşly kerpiçler ulanylypdyr. Şondan soňra arkaly paruslaryň kömegi bilen  sekizburçluga geçilen we onuň üstünden gümmez bina  edilipdir.  Öň  tarapynda  çaklaňja portaly  bar.   XI asyra  çenli  portal  diňe  köşklerde,   saraýlarda, medreselerde gurlupdyr, emma kümmetlerde (mawzoleýlerde) gurulmandyr.  Alamberdaryň kümmeti orta Aziýada portally kümmetleriň iň gadymkysydyr. Kümmetde XVI asyrda düýpli    rejeleýiş işleri geçirilipdir. Onuň günbatar diwary täzeden örülipdir we  ortasynda kümmetlere mahsus bolmadyk mährap gurlupdyr.

Kümmetiň arka tarapyndaky iki sekiz gyranly sütünler güldesse bilen gurşalyp alnandyr. Günorta diwarynda kiçiräk girelge gurlupdyr. Kümmetde ahyrky rejeleýiş işleri 1987-1991-nji ýyllarda geçirildi we şol wagt onuň weýran bolan nagyşly örümleri, arkalary, portaly doly rejelendi. Güldesseler sökülip, sekiz gyranly sütünler açyldy. Gümmezi doly sökülip, bütinleý gaýtadan örüldi. Daş-töwereginde abatlaýyş işleri geçirildi. Häzirki wagtda binanyň dört burçuny sekizburç edilip, jübütlenip örülen sütünler bezeýär.

Alamberdaryň kümmeti XI-asyr binagärliginiň iň oňat nusgalarynyň biridir. Şunuň ýaly geçmişiň janly şaýady bolan binagärlik ýadygärligini aýawly gorap, abat saklamak üçin 1992-nji ýylyň dekabr aýynda «Kerki» taryhy-medeni döwlet goraghanasy tarapyndan hasaba alyndy we döwlet  tarapyndan  goralýar. Ýadygärlikde  abadanlaşdyryş, onuň daş töweregini bagy-bossanlyga öwürmek işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Arzuw RAHMANOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu